HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýyň ykdysadyýeti 2024-nji ýylyň başyndan bäri ösmegini dowam edýär

Mart 20, 2024 | 13:35 |4841
Hytaýyň ykdysadyýeti 2024-nji ýylda durnukly ösmegini dowam edýär. HHR-iň Döwlet statistika gullugynyň şu ýylyň ýanwar-fewral aýlary üçin makrohasabatlylygy muny subut edýär diýip, Hytaýyň halkara habarlar teleýaýlymy CGTN habar berýär.Hytaýyň ykdysadyýeti 2024-nji ýylda durnukly ösmegini dowam edýär. HHR-iň Döwlet statistika gullugynyň şu ýylyň ýanwar-fewral aýlary üçin makrohasabatlylygy muny subut edýär diýip, Hytaýyň halkara habarlar teleýaýlymy CGTN habar berýär.
Çeşme: minfin.com.ua

Hytaýyň ykdysadyýeti 2024-nji ýylda durnukly ösmegini dowam edýär. HHR-iň Döwlet statistika gullugynyň şu ýylyň ýanwar-fewral aýlary üçin makrohasabatlylygy muny subut edýär diýip, Hytaýyň halkara habarlar teleýaýlymy CGTN habar berýär.

Şeýlelikde, hasabat döwründe senagat önümçiligi geçen ýylyň görkezijisi bilen deňeşdirilende, 7% ösüşe eýe boldy.

Senagat önümçiliginiň ösüşi halkara söwdasyndaky işjeňlik bilen goldanyldy. Hususan-da, eksport 10,3%, import bolsa 6,7% artdy. Iki aýyň jemleri boýunça HHR-iň oňyn daşary söwda girdejisi 891 milliard ýuan boldy.

Önümçilikde telekeçilikden garaşylýan netijeleriň görkezijisi 54,2 derejesinde boldy.

Hyzmatlar pudagynda hem gowy netijeler gazanyldy. Hyzmatlar pudagy iki aýyň dowamynda 5,8% ösdi.

Täze ýyl baýramçylygy bilen baglanyşykly onlaýn arzanladyşlar onlaýn bölek satuwlaryň 14,4 göterime çenli ýokarlanmagyna sebäp boldy. Hyzmatlar pudagynda telekeçilikden garaşylýan netijeleriň görkezijisi önümçilik pudagyndakydan hem has ýokary bolup, 58,1 derejesine çykdy.

Esasy gaznalara maýa goýumlarynda hem ösüş hasaba alyndy, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,2% artdy. Infrastruktura maýa goýumlar 6,3%, önümçilige maýa goýumlar bolsa 9,4% ýokarlandy.

Oňyn makroykdysady statistikany göz öňünde tutmak bilen, hünärmenler birinji çärýegiň netijeleri boýunça HHR-niň jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 5,4 göterime ýetjekdigine ynanýarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026