Habarlar

Özbek ilçisi Daşoguz welaýatynyň häkimi bilen duşuşyk geçirdiÖzbek ilçisi Daşoguz welaýatynyň häkimi bilen duşuşyk geçirdi

Özbek ilçisi Daşoguz welaýatynyň häkimi bilen duşuşyk geçirdi

15-nji maýda Daşoguz şäherinde Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Akmaljon Kuçkarow Daşoguz welaýatynyň häkimi Soltanmyrat Soltanmyradow bilen duşuşdy. Gepleşigiň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň we Daşoguz welaýatyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň ýollary hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygy barada möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

ECOSOC-yň forumynda Türkmenistan tarapyndan gurnalan çäräniň jemleýji resminamasy BMG-nyň alty dilinde neşir edildiECOSOC-yň forumynda Türkmenistan tarapyndan gurnalan çäräniň jemleýji resminamasy BMG-nyň alty dilinde neşir edildi

ECOSOC-yň forumynda Türkmenistan tarapyndan gurnalan çäräniň jemleýji resminamasy BMG-nyň alty dilinde neşir edildi

Jemleýji resminama “Ösüş maliýeleşdirmesini güýçlendirmek üçin ulag we energiýa birikmesi boýunça ýokary derejeli diolog: BMG-nyň 2026 – 2035-nji ýyllar üçin «Durnukly ulagyň onýyllygy» - energiýa birikmesi üçin Aşgabat platformasy” ady bilen Baş Assembleýanyň 78-nji sessiýasynyň jemleýji resminamasy hökmünde kabul edilip, BMG-nyň alty resmi dilinde neşir edildi we ýaýradyldy.