HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýa we Gazagystan “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmek maksady bilen, serhetýaka ýollaryny giňelder

Maý 22, 2024 | 09:40 |9111
Russiýa we Gazagystan “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmek üçin serhetýaka ýollaryny giňeltmegi maksat edinýär.Russiýa we Gazagystan “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmek üçin serhetýaka ýollaryny giňeltmegi maksat edinýär.
Çeşme: eurasia.expert

Russiýa we Gazagystan “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmek üçin serhetýaka ýollaryny giňeltmegi maksat edinýär.

Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullin gazagystanly kärdeşi Serik Žumangarin bilen Kazanda geçiren duşuşygyndan soňra aýtdy.

“Biz öz tarapymyzdaky ýollary giňeldýäris, olar bolsa öz tarapyndaky ýollary. Netijede ýokary hilli we howpsuz bu ýollar diňe bir biziň ýurtlarymyzy baglanyşdyrman, eýsem beýleki ýurtlara hem geçmäge mümkinçilik berer” diýip, Husnullin özüniň sosial ulgamdaky sahypasynda ýzdy.

“Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ulag logistika geçelgeleriniň ösdürilmegi ýük daşamalary we söwda üçin päsgelçilikleri aradan aýyrmak üçin Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň ýurtlarynyň bu ugurdaky kanunçylygynyň mundan beýläk-de uýgunlaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Bileleşigiň çäklerinde bitewi üstaşyr ulgamy hakyndaky Ylalaşyk taýýarlanylýar.

2023-nji ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň ýurtlarynyň “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi boýunça ýük daşamalarynyň 62 göterim artdandygyny bellemek gerek.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Zambiýanyň Prezidenti Hakainde Hiçilema sişenbe güni ikinji bäş ýyllyk möhlete kasam kabul etdi

Zambiýanyň Prezidenti Hakainde Hiçilema sişenbe güni ikinji bäş ýyllyk möhlete kasam kabul etdi

21:00 Sentýabr 04, 2026
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026