

Türkmenistan BMG-niň ÝYK hem-de Aziýa Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär
Türkmenistan BMG-niň esasy düzümleri, şol sanda Ýewropa hem-de Aziýa-Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär. Türkmenistan ýokarda agzalan komissiýalar bilen ykdysadyýet, ulag, energetika, daşky gurşawy goramak we durnukly ösüşi üpjün etmek ýaly möhüm ulgamlarda hyzmatdaşlyk edýär.



















