HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýa 2024-nji ýylda Eýrana kömür üpjünçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär

Maý 21, 2024 | 12:59 |10745
2024-nji ýylyň iýun-iýul aýlarynda Russiýa Federasiýasy Kemerowodan Eýrana Gazagystanyň we Türkmenistanyň üsti bilen demir ýol arkaly kokslaşýan kömrüň üpjünçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär.2024-nji ýylyň iýun-iýul aýlarynda Russiýa Federasiýasy Kemerowodan Eýrana Gazagystanyň we Türkmenistanyň üsti bilen demir ýol arkaly kokslaşýan kömrüň üpjünçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär.
Çeşme: vedomosti.ru

2024-nji ýylyň iýun-iýul aýlarynda Russiýa Federasiýasy Kemerowodan Eýrana Gazagystanyň we Türkmenistanyň üsti bilen demir ýol arkaly kokslaşýan kömrüň üpjünçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär.

Bu barada tamamlanan «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum» XV Halkara ykdysady forumynyň çäklerinde «Demirgazyk – Günorta» Hazar halkara integrasiýa Klubynyň mejlisiniň jemleri boýunça geçirilen metbugat maslahatynda «Demirgazyk – Günorta» Hazar halkara integrasiýa Klubynyň baş direktory Dmitriý Dubowik belläp geçdi.

Onuň aýtmagyna görä, bu mesele boýunça duşuşyklar eýýäm geçirildi, demir ýol logistikasy barada hemme zat ylalaşyldy. Eýrana eýýäm kaliý dökünleri iberilýär.

«Häzirki wagtda Russiýa Eýranda we Hindistanda gurallary işe girizýän döwletdir. Häzirki wagtda Russiýa – Eýran – Hindistan esasy ugurdyr. Elbetde, Ýewropa bazarlarynda nusgawy usulda işleýän çig mal binýadymyz häzirki wagtda bütinleý diýen ýaly togtadyldy. Häzirki wagtda strategiki häsiýete eýe bolan täze ugurda Russiýa mynasyp orny eýeleýär. Mysal üçin, 2025 – 2027-nji ýyllarda Hindistanda ulanylýan kömrüň 80%-i Russiýadan alnar» diýip, Dubowik aýtdy.

«EurAsia South Corridor Development Group LLC» kompaniýasynyň baş direktory Bahram Bahramsiri ýüküň bir böleginiň demir ýol, bir böleginiň bolsa suw we gury ýer ugurlary bilen daşalmalydygyny aýtdy. Ol bu meselä maýa goýum agentlikler we gaznalar gatnaşmaly diýip hasaplaýar.

«Alliance Logistics» kompaniýasynyň golçur kärhanasy «AllianceMultimodal» jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiniň Ösüş bölüminiň müdiri Emin Kerimow ösýän ýurt hökmünde Azerbaýjan üçin «Demirgazyk – Günorta» geçelgesiniň möhüm ähmiýete eýedigini aýtdy.

Gyrgyzystandaky «Opora Rossii» atly kiçi we orta telekeçiligiň Bütinrussiýa jemgyýetçilik guramasynyň wekili Konstantin Kusenko Gyrgyzystanyň indi halkara derejesinde iri logistika hyzmatdaşyna öwrülendigini aýtdy. Ol ýurduň Hytaý boýunça birnäçe goşmaça ugurlary birleşdirýän köpri bolup hyzmat edýändigine ünsi çekdi.

«Häzirki wagtda logistika bir ýerde durmaýar, ol öňe tarap ädim ädýär» diýip, Kusenko belledi we häzirki wagtda ygtybarly ýük operatorlarynyň hem-de daşaýjylarynyň bardygyny nygtady. Ol anyk maksatlara we wezipelere üns jemlenen ýagdaýynda, Russiýa bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky söwda dolanyşygyny hem-de gatnaşyklary ösdürip bolar diýip hasaplaýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Zambiýanyň Prezidenti Hakainde Hiçilema sişenbe güni ikinji bäş ýyllyk möhlete kasam kabul etdi

Zambiýanyň Prezidenti Hakainde Hiçilema sişenbe güni ikinji bäş ýyllyk möhlete kasam kabul etdi

21:00 Sentýabr 04, 2026
Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy sapagynyň esasy ugurlary — bitaraplykdan «akylly jemgyýete» çenli

16:12 Sentýabr 04, 2026
Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

Wenesuela bilen ABŞ şol sanda Chevron bilen bagly taslamalary öz içine alýan nebit ylalaşyklaryna gol çekdi

23:00 Sentýabr 03, 2026