Habarlar

«TULM» AGPJ-niň gurnamagynda «MNG Airlines» Türkmenbaşy Halkara howa menzilinden multimodal gatnawy amala aşyrdy«TULM» AGPJ-niň gurnamagynda «MNG Airlines» Türkmenbaşy Halkara howa menzilinden multimodal gatnawy amala aşyrdy

«TULM» AGPJ-niň gurnamagynda «MNG Airlines» Türkmenbaşy Halkara howa menzilinden multimodal gatnawy amala aşyrdy

2024-nji ýylyň 14-nji maýynda «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gurnamagynda Stambul şäherinden gelýän ýükleri «MNG Havayollari ve Taşimaçilik A.Ş.» kompaniýasynyň howa gämilerinden düşürip, Türkmenbaşy Halkara howa menzilinden awtoulaglara geçirip multimodal görnüşde Gazagystan Respublikasynyň Aktobe şäherine ugradyldy.

Türkmenistan we Owganystan TOPH taslamasyny utgaşdyrmak üçin iş toparlaryny dörederlerTürkmenistan we Owganystan TOPH taslamasyny utgaşdyrmak üçin iş toparlaryny dörederler

Türkmenistan we Owganystan TOPH taslamasyny utgaşdyrmak üçin iş toparlaryny dörederler

Kabul şäherinde türkmen wekiliýetiniň Owganystanyň dag-magdan senagaty we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Şahabuddin Delawar bilen duşuşygy geçirildi. «TAPI Pipeline Company Ltd» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanow we Kabuldaky ilçi Hoja Öwezow edaranyň ýolbaşçysy bilen TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň gidişi we durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly dürli meseleler barada pikir alyşdylar.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi we «THALES SIX GTS France SAS» kosmos pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy«Türkmenaragatnaşyk» agentligi we «THALES SIX GTS France SAS» kosmos pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi we «THALES SIX GTS France SAS» kosmos pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy

Fransiýanyň paýtagty Parižde badalga alan Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň çäginde şu gün — 24-nji aprelde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Fransiýa Respublikasynyň «THALES SIX GTS France SAS» kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi — «Airbus» kompaniýasy: hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy«Türkmenaragatnaşyk» agentligi — «Airbus» kompaniýasy: hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi — «Airbus» kompaniýasy: hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

24-25-nji aprelde Fransiýanyň paýtagty Parižde geçýän Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň (TEIF — 2024) çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygynyň hem-de Fransiýa Respublikasynyň «Airbus» kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar kosmos ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.