

Ýeriň ýüzüniň 2 göterimini ak reňke boýap global ýylylygy durdurmagy teklip etdiler
Adamzadyň iň oňat akyllary global ýylylygyň öňüni almagyň ýoluny gözleýärler we olaryň biri – Dewisdäki Kaliforniýa uniwersitetiniň elektrotehnika we kompýuter inženerliginiň professory Jeremi Mundeý has ýönekeý, ýöne gaty jedelli usuly teklip etdi. Alymyň pikiriçe, global ýylylygyň öňüni almak üçin ýer ýüzüniň takmynan 2 göterimini ak reňk bilen boýamak zerur.



















