HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Zyýankeşleri ýok ediji mör-möjekleri ýetişdirýän biolaboratoriýalaryň sany köpeldiler

Awgust 23, 2023 | 09:14 |7657
Lebap we Daşoguz welaýatlarynda ýerleşýän 252 sany biologik önümçilik laboratoriýalary gowaçany zyýankeşlerden goraýan mör-möjekleri ösdürip ýetişdirmek işini işjeň alyp barýarlar. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.Lebap we Daşoguz welaýatlarynda ýerleşýän 252 sany biologik önümçilik laboratoriýalary gowaçany zyýankeşlerden goraýan mör-möjekleri ösdürip ýetişdirmek işini işjeň alyp barýarlar. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.
Çeşme: ogorodsadovod.com

Lebap we Daşoguz welaýatlarynda ýerleşýän 252 sany biologik önümçilik laboratoriýalary gowaçany zyýankeşlerden goraýan mör-möjekleri ösdürip ýetişdirmek işini işjeň alyp barýarlar. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Demirgazyk sebitiň 122 sany biologik laboratoriýalary trihogram, gabrobrakon we altyngözlüje atly peýdaly mör-möjekleri ösdürip ýetişdirýärler. Şolaryň 12 sany döwrebap laboratoriýalarynda Köneürgenç, Şabat we S.Türkmenbaşy etraplaryndaky gowaça meýdanlaryny zyýankeşlerden goramak üçin peýdaly mör-möjekleri ösdürmek boýunça gyzgalaňly işler alnyp barylýar.

Möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barylýan döwründe 1 gektar gowaça meýdanyna 300 sany altyngözlüje, 1 gram trihogram we 1 müň töweregi hem gabrobrakon goýberilýär. Gündogar sebitiň 130 sany biolaborotoriýalarynda şu görnüşli peýdaly mör-möjekler ösdürilip, gowaça meýdanlaryna goýberilýär. Bellenişine görä, ekin meýdanlaryny şu görnüşdäki usul bilen goramak beýleki usullardan has peýdaly we netijeli bolýar.

Trihogram we gabrobrakon ýaly peýdaly mör-möjekler dünýä oba hojalyk ulgamynda giňden ulanylyp, olar zyýankeşleri we olaryň taşlaýan ýumurtgalaryny iýip ýok edýärler. Altyngözlüje ýitmek howpy abanýan peýdaly mör-möjek bolup, ol ösümlikleri şirejelerden goraýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026