HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda seýsmiki töwekgelçiliklere baha bermek üçin çäklerde barlag geçirmegiň täze usuluny oýlap tapdylar

Awgust 08, 2023 | 10:58 |9893
Ýaponiýada saparda bolan ýurdumyzyň wekiliýetiniň düzümindäki Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň alymlary seýsmiki töwekgelçilikleri peseltmek ulgamynda  ýapon kärdeşleriniň tejribesini öwrendiler. Sapar BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikdäki taslamanyň çäklerinde guraldy. Bu taslama iň täze tehnologiýalaryň kömegi bilen Aşgabatda seýsmiki howpa toplumlaýyn baha bermegi göz öňünde tutýar.Ýaponiýada saparda bolan ýurdumyzyň wekiliýetiniň düzümindäki Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň alymlary seýsmiki töwekgelçilikleri peseltmek ulgamynda  ýapon kärdeşleriniň tejribesini öwrendiler. Sapar BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikdäki taslamanyň çäklerinde guraldy. Bu taslama iň täze tehnologiýalaryň kömegi bilen Aşgabatda seýsmiki howpa toplumlaýyn baha bermegi göz öňünde tutýar.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Ýaponiýada saparda bolan ýurdumyzyň wekiliýetiniň düzümindäki Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň alymlary seýsmiki töwekgelçilikleri peseltmek ulgamynda ýapon kärdeşleriniň tejribesini öwrendiler. Sapar BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikdäki taslamanyň çäklerinde guraldy. Bu taslama iň täze tehnologiýalaryň kömegi bilen Aşgabatda seýsmiki howpa toplumlaýyn baha bermegi göz öňünde tutýar.

Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti üçin makalasynda institutyň alym sekretary Swetlana Ahmedowa habar berýär.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Aşgabat şäherini seýsmiki taýdan mikroetraplaşdyrmak kartasy işlenilip taýýarlanyldy. Bu karta paýtagtymyzyň ähli gurluşykçylary üçin kadalaşdyryjy resmina bolar. Bu kartany döretmek üçin alymlar deslapky burawlaýyş işlerini geçirmeden çäkleri toplumlaýyn barlamaga mümkinçilik berýän innowasion usuly oýlap tapdylar. Bu tejribe eýýäm Arkadag şäheriniň çäginde ulanylmaga başlandy.

Mundan başgada degişli hukuk binýady ýapon tarapy bilen bilelikde seýsmiki gözegçilik ulgamlaryny kämilleşdirmäge we munuň üçin maglumat toruny döretmäge, şeýle hem Aşgabat şäheriniň çäginde we onuň daş töwereginde inženerçilik-geologiýa barlag işlerini geçirmäge mümkinçilik berýär. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi netijesinde seýsmiki gözegçiligi üznüksiz amala aşyrmaga mümkinçilik berýän sanly ulgam ornaşdyrylar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bu institutynyň alyp barýan halkara hyzmatdaşlygy «Sil sowujy desgalar toplumynda» Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň O.Ý.Şmidt adyndaky Ýeriň fizikasy instituty bilen bilelikde ylmy-barlag işlerine girişmäge mümkinçilik berdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty bilen Täjigistanyň Geologiýa, sýsmiki durnukly gurluşyk we seýsmologiýa institutynyň arasyndaky Ähtnama ylalaşmak tapgyrynda, Özbegistanyň G.A.Mawlänow adyndaky seýsmologiýa instituty bilen Ähtnama bolsa taýýarlyk tapgyryndadyr.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026