

Aşgabatda Artist talk formatynda suratkeşler bilen duşuşyk geçiriler
1-nji oktýabrda Aşgabatda Maryly suratkeşler mekdebiniň gatnaşmagynda Artist talk formatynda duşuşyk geçiriler.


1-nji oktýabrda Aşgabatda Maryly suratkeşler mekdebiniň gatnaşmagynda Artist talk formatynda duşuşyk geçiriler.


Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohin “Mukam” çagalar skripkaçylar toparynyň çeper ýolbaşçysy Garold Neýmarka Puşkin medalyny gowşurdy.


14-18-nji oktýabr aralygynda dokuz ugur boýunça 600 adamyň gatnaşmagynda Täjigistanda ilkinji gezek GDA agza döwletleriň XVI Delfiýa oýunlary geçiriler.


18-19-njy asyrlara degişli türkmen haly önümleri Fine Antique Oriental Rugs XXX Awstriýa auksion kompaniýasynyň ýörite mejlisine çykarylar. Ol iki hepdeden, 1-nji oktýabrda geçiriler.


“Dünýäniň hakydasy” sanawyny Türkmenistanyň dokumental mirasynyň elementleri bilen dolduryp bolar – ýurt bu sanawa goşmak üçin orta asyr gündogaryň görnükli şahsyýetleriniň golýazmalar ýygyndysyny hödürlemegi meýilleşdirýär.


Russiýa we GDA ýurtlary bilen bilelikdäki kino önümçiligi boýunça halkara maslahat 21-25-nji awgustda Sankt-Peterburgda geçiriler. Çäräniň dowamynda bilelikdäki önümçilige laýyk taslamalary saýlamak, täze zehinleri kesgitlemek, medeni gatnaşyklary goldamak we GDA ýurtlarynyň bir-birine gabat gelýän medeni we milli aýratynlyklaryny açyp görkezmek meýilleşdirilýär.


Türkmenistanyň HHR-daky diplomatik wekilhanasy beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmäge Hytaýyň atçylyk assosasiýasynyň, ylmy, medeni hem-de işewür toparlarynyň wekillerini çagyran çäresinden başlady.


"Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda" atly halkara festiwaly şu ýylyň güýzünde, ýagny 11-14-nji oktýabry aralygynda Türkmenabat şäherinde (Lebap welaýaty) geçiriler.


8-nji iýulda paýtagtymyzdaky “Aşgabat” kinoteatrynda türkmen kinorežissýory Arslan Eýeberdiýewiň düşüren “Istärin” atly täze çeper filminiň ilkinji gezek görkezilişi bolar. Şondan biraz soň bolsa, kinofilm türkmen milli telewideniýesiniň ýaýlymlarynda görkeziler.


Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşen “Türkmeniň Ak öýi” binasynyň öňündäki meýdançada daşary ýurt estradasynyň meşhurlary we şowhunly dabaralar äleminiň rus ýyldyzlary uly konsert bererler.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylda Medeniýet hepdeligini Türkmenistanyň paýtagty – Aşgabat şäherinde geçirmek hakynda karara gol çekdi diýip, şu gün resmi türkmen metbugaty ýazýar.


Türkmenistanyň Baş drama teatryna akademiki derejesi berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde degişli Karara gol çekdi. Resminamanyň taslamasy medeniýet boýynça wise-premýer Mährijemal Mämmedowa tarapyndan hödürlendi.


Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi täze agzalaryň kabul edişligini yglan etdi. Dalaşgärleriň işleri birleşigiň sergi zalynda görkeziler.


Italýan ýazyjysy Janni Rodariniň “Çipollinonyň başdan geçirmeleri” atly ertekisi türkmen sahnasynda ýene bir gezek janlandyryldy. Dirižýor Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri Karen Haçaturýanyň sazyna goýlan sahna eseriniň “Orkestrli erteki” atly täzelenen görnüşi bilen çykyş etdi.


Daşoguzda açyk asmanyň astynda Daşoguz welaýatynyň milli taryhy-medeni mirasynyň ýadygärlikleriniň halkara syýahatçylyk ulgamyndaky ornuna bagyşlanan maslahat geçirildi.