Tahyr Ataýewiň orkestri Rok vol.2 konsertinde meşhur rok toparlarynyň aýdymlarynyň aranžirlenmesini ýerine ýetirer


Tahyr Ataýewiň orkestri hemmeleri 4-nji dekabrda sagat 19:00-da «Watan» kinoteatrynyň zalynda geçiriljek Rok vol.2 konsertine çagyrýar. Bu barada orkestriň ýolbaşçysynyň resmi akkauntynda habar berilýär.
Sahnada Scorpions, AC/DC, «Kino», Queen, Roxette, Metallica, Linkin Park ýaly meşhur rok toparlarynyň we ýerine ýetirijileriniň aýdym-sazlarynyň instrumental aranžirlemesi ýaňlanar.
Tahyr Ataýew kirişli saz gurallarynyň orkestriniň ýaşlardan ybarat toparyna ýolbaşçylyk edýär, olar beýleki sazlar bilen bir hatarda şunuň ýaly kirişli saz gurallary topary üçin adaty bolmadyk pop we rok ýyldyzlarynyň aýdymlaryny ýerine ýetirýärler.
Şeýle ýerine ýetirilişiň esasy diňleýjileri **[öň bellenip geçilişi ýaly] (https://orient.tm/ru/post/33425/orkestr-tahira-ataeva-privlekaem-novye-ushi) ýetginjeklerdir. Ýaş dirižýor özüniň batyrgaý aýdym-saz çykyşlary bilen bellidir; onuň iň meşhur taslamasy bolsa ¬— orkestriň ýerine ýetirmegindäki Maýkl Jeksonyň aýdymlarynyň aranžirlemesidir.
ORIENT habarlary
Surat: redaksiýanyň arhiwinden








