Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň sergi zaly sizi Annadurdy Almamedowyň eserleriniň sergisine çagyrýar


Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky Çeperçiliksergiler müdirliginiň sergi zaly 21-nji noýabrda sagat16:00-da Türkmenistanyň Halk suratkeşi AnnadurdyAlmamedowyň eserleriniň şahsy sergisine gatnaşmagaçagyrýandygyny Türkmenistanyň sungat işgärleriniňbirleşigi ORIENT habar gullugyna habar berdi.
Suratkeşiň 85 ýyllygyna bagyşlanan bu sergide onuň iň meşhur eserleri - "Enäniň portreti", "Gözel Sumbaryň nary", "Pyragyny gören daglar", "Baýramçylyk" we başgalar görkeziler.
Teatral-çeperçilik institutynyň uçurymy bolansuratkeşiň döredijiligi başda türkmen teatrlarynyň sahnalarynyň we geýimleriniň awtory hökmünde ykrar edilipdi. Almamedowyň eserleriniň ilkinji uly döredijilik sergisi bolsa 1986-njy ýylda Aşgabatda geçirilipdi.
ORIENT news
Surat: www.turkmenistan.ru








