HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystandaky festiwal türkmen kompozitorynyň janköýerligi bilen açylýar

Mart 05, 2023 | 00:42 |10390
«Meniň dostlarym – meniň baýlygym» - şenbe güni 4-nji martda Gazagystanyň Karaganda şäherinde geçirilen aýdym-saz festiwaly şeýle çyn ýürekden we manyly ady gazandy.«Meniň dostlarym – meniň baýlygym» - şenbe güni 4-nji martda Gazagystanyň Karaganda şäherinde geçirilen aýdym-saz festiwaly şeýle çyn ýürekden we manyly ady gazandy.
Çeşme: orient.tm

«Meniň dostlarym – meniň baýlygym» - şenbe güni 4-nji martda Gazagystanyň Karaganda şäherinde geçirilen aýdym-saz festiwaly şeýle çyn ýürekden we manyly ady gazandy.

Festiwala Türkmenistanyň sungat işgäri, kompozitor Röwşen Nepesow hem çagyryldy. Onuň bilen bilelikde gala konsert maksatnamasyna Azerbaýjanyň, Italiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň aýdym-saz medeniýet işgärleri gatnaşdy.

Aýdymçylaryň arasynda Maksim Fedotow, Roza Rymbaýewa, Polad Bül-Bül oglu, Roza Zergerli, Roza Amanowa, Ferýal Başel, Medet Çotabaýew we Župar Gabdullina bar. Olara Ýerkegali Rahmadiýew adyndaky akademiki simfoniki orkestri sazandarlyk etdi.

«Janköýerlik» festiwaly Gazagystan Respublikasynyň at gazanan sungat işgäri Pýotr Gribanowyň orkestriniň ýerine ýetirmeginde Röwşen Nepesowyň kompozisiýasy bilen açyldy. Türkmen kompozitorynyň özi orkestre dirižýorlyk edip, watandaşy Rejep Allaýarowyň «Horeografiki sýuitasyny» köpçülige hödürledi. Guramaçylar döredijilik çäresini Gazagystan Respublikasynyň at gazanan işgäri, köp ýyllap (2008-2022) Türki medeniýetleriň halkara guramasyna (TÜRKSOY) ýolbaşçylyk eden Karaganda hormatly raýaty Dýusen Kaseinowyň 75 ýyllygyna bagyşladylar.

2-1.jpg

– «Meniň dostlarym – meniň baýlygym» festiwalynyň aýratynlygy, biziň ýurdumyza we halkymyza tüýs ýürekden hormat goýýan ýakyn dostlarymyň hemmesiniň tomaşaçylaryň öňünde çykyş etmegidir – diýip, Dýusen Kaseinow aýtdy. – Men nirede bolsam-da, näme etsemem, Karaganda hemişe meniň ýüregimde. Men bu ýere her ýyl çagalyk dostlarym, synpdaşlarym, garyndaşlarym bilen duşuşmak üçin gelýärin. Bu ýerde watandaşlarymyza bolan uly söýgi sebäpli festiwallar geçirýärin. Ýubilýar hakda mähirli sözleri onuň dostlary, ýagny beýleki ýurtlaryň sazandalary hem aýtdylar. Olaryň pikrine görä, Dýusen Kaseinow sungat üçin geografiki çäkleri pozýan adam.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026