

Türkmenistan we Gana ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy
Penşenbe güni 23-nji noýabrda Türkmenistanyň we Gana Respublikasynyň wekiliýetleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Duşuşykda türkmen tarapyna daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew ýolbaşçylyk etdi. Gananyň wekiliýetine bolsa, Gana Respublikasynyň daşary işler we sebitleýin integrasiýasy ministriniň orunbasary Kwaku Ampratwum Sarpong ýolbaşçylyk etdi.





















