HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýewropaly bilermenler Döwlet gümrük gullugynda gepleşikleri geçirdiler

Noýabr 23, 2023 | 10:13 |6201
22-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Ýewropa Bileleşiginiň bilermenleri Latwiýa Respublikasynyň Döwlet girdejiler gullugynyň gümrük müdirliginiň müdiriniň orunbasary  Sandra Karkline-Admine we Latwiýa Respublikasynyň Azyk we weterinariýa gullugynyň serhet gözegçilik bölüminiň müdiri Iweta Şise-Trede bilen duşuşyk geçirildi.22-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Ýewropa Bileleşiginiň bilermenleri Latwiýa Respublikasynyň Döwlet girdejiler gullugynyň gümrük müdirliginiň müdiriniň orunbasary  Sandra Karkline-Admine we Latwiýa Respublikasynyň Azyk we weterinariýa gullugynyň serhet gözegçilik bölüminiň müdiri Iweta Şise-Trede bilen duşuşyk geçirildi.
Çeşme: customs.gov.tm

22-nji noýabrda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Ýewropa Bileleşiginiň bilermenleri Latwiýa Respublikasynyň Döwlet girdejiler gullugynyň gümrük müdirliginiň müdiriniň orunbasary Sandra Karkline-Admine we Latwiýa Respublikasynyň Azyk we weterinariýa gullugynyň serhet gözegçilik bölüminiň müdiri Iweta Şise-Trede bilen duşuşyk geçirildi.

Bu duşuşyk Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak Maksatnamasynyň (BOMKA-10) 2023-nji ýylyň 2-nji ýarymýyllygy üçin Iş meýilnamasyna laýyklykda Serhetleriň üstünden söwda akymlaryna ýardam etmek komponentiň çäginde geçirildi diýip, Döwlet gümrük gullugy habar berýär.

ÝB bilermenleri, Türkmenistana gözegçilik-geçiriş nokatlarynda serhet gözegçiligine gatnaşýan gümrük, fitosanitar we weterinariýa gulluklarynyň arasynda pudagara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin tehniki missiýa bilen geldi. Duşuşygyň barşynda gümrük, fitosanitar we weterinariýa gulluklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşyldy we bu ugurda bar bolan kanunçylyga syn berildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

23:25 Awgust 12, 2026
Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

23:14 Awgust 12, 2026
ABŞ 175 müňden gowrak wizany ýatyrdy

ABŞ 175 müňden gowrak wizany ýatyrdy

21:00 Awgust 12, 2026