HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň RF-däki ilçisi Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasaryna ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy

Noýabr 23, 2023 | 09:33 |5515
Türkmenistanyň RF-däki ilçisi Esen Aýdogdyýew Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Andreý Rudenko ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Russiýadaky diplomatik wekilhanasy habar berýär.Türkmenistanyň RF-däki ilçisi Esen Aýdogdyýew Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Andreý Rudenko ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Russiýadaky diplomatik wekilhanasy habar berýär.
Çeşme: instagram.com/tkm.embassy.moscow

Türkmenistanyň RF-däki ilçisi Esen Aýdogdyýew Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Andreý Rudenko ynanç hatynyň nusgasyny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Russiýadaky diplomatik wekilhanasy habar berýär.

Taraplar häzirki günde çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylan türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň depginli ösdürilýändigini bellediler. Ýurtlarymyz dürli ugurlarda, hususan-da, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýärler.

Şeýle hem söhbetdeşler ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ösüş häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Türkmenistanda türkmen-rus uniwersitetiniň döredilmegi, Aşgabatda Rus drama teatrynyň täze binasynyň we Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň täze binasynyň gurluşygy barada ylalaşygyň gazanylmagy munuň aýdyň mysalydyr.

Ýurtlarymyz Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-russiýa toparynyň nobatdaky mejlisine uly ähmiýet berýärler. Bu mejlisde söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika we beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Şeýle hem Esen Aýdogdyýew we Anatoliý Rudenko geçen ýyl Aşgabatda geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň altynjy sammitinde kabul edilen çözgütleriň we gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýetini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda diplomatlar Türkmenistanyň Moskwadaky ilçihanasy bilen Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň arasyndaky ýakyndan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmegi ylalaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

OPEC+ agza ýedi ýurt sentýabr aýynda nebit önümçiligini artdyrar

20:05 Awgust 03, 2026
Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

Seutadaky köpçülikleýin migrant akymy ugruny üýtgetýär: on müňlerçe adam Marokka gaýdýar

14:20 Awgust 03, 2026
Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

Wengriýa ýarym asyrdan soň ilkinji gezek «Pakş» atom elektrik stansiýasyny togtadyp biler

14:04 Awgust 03, 2026