ÝHHG-niň merkezi Aşgabatdaky uniwersitetde howanyň üýtgemegi boýunça sebit maslahatyny geçirdi


"Howanyň üýtgemegi boýunça meseleleri çözmekde ýaşlaryň tutýan orny" ady bilen 21-nji noýabrda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirilen sebit maslahatyň temasy boldy.
Giň gerimli maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurduň birnäçe ministrlikleriniň, diplomatik wekilhanalaryň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar. Olar howanyň üýtgemegi boýunça sebit gün tertibinde bar bolan meseleleri maslahatlaşdylar.
Maslahatda howanyň üýtgemeginiň netijelerine uýgunlaşmakda we ählumumy häsiýetli bu hadysa garşy göreşmekde ýaşlaryň ähmiýetli orny bellendi. Şu nukdaýnazardan taraplar ýaş nesliň bu mesele boýunça habardarlygyny ýokarlandyrmaga has köp üns bermelidigini aýtdylar.
Gatnaşyjylar howanyň gün tertibinde bar bolan meseleler boýunça halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň, ýaşlaryň karar bermek işine gatnaşmagynyň bu meselede üstünlik gazanmak üçin möhüm şertdigini bellediler.
ORIENT news








