Halkara žurnal özüniň ýörite sanyny Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýä bolan saparyna bagyşlady
** türk halkara žurnaly Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Türkiýä amala aşyran resmi saparyna bagyşlap, ýörite sanyny çap etdi. Bu barada Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky **[Ilçihanasy](https://turkey.tmembassy.gov.tm/en)** (Ankara şäheri) habar berýär.](/_next/image?url=https%3A%2F%2Fcdn.orient.tm%2Fstorage%2Fapp%2Fmedia%2Fru%2F2023%2F11%2F23112023Zurnal.jpg&w=3840&q=75)

“İşindetayı” türk halkara žurnaly Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Türkiýä amala aşyran resmi saparyna bagyşlap, ýörite sanyny çap etdi. Bu barada Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy (Ankara şäheri) habar berýär.
Neşir iki ýurduň Baştutanlarynyň arasyndaky gepleşikler barada jikme-jik maglumat berýär we Türkmenistanyň Prezidentiniň Ankarada geçirilen Türkmen-türk işewürlik forumynda öňe süren başlangyçlarynyň ähmiýetini giňişleýin beýan edýär.
Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň bu sapary “Anadolu”, “TRT Haber”, “CNN Türk”, “Pusula”, “Haber” ýaly Türkiýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden şöhlelendirildi. Olar syýasat, ykdysadyýet, jemgyýetçilik we hukuk, ylym hem-de medeniýet ulgamlarynda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini beýan edýärler.
Türk metbugaty ýörite sanynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada makalalary neşir etdi.
Türkiýäniň meşhur neşirlerinde ýörite sanlaryň çap edilmegi, ägirt uly ykdysady kuwwatlyklary, özboluşly taryhy we medeni mirasy bolan Türkmenistanyň türk okyjylarynda uly gyzyklanma döredýändigine şaýatlyk edýär.
ORIENT news