Leýla Şöhradowa küşt boýunça dünýä çempionatynda iň öňdebaryjy 3-likde barýar


16 ýaşa çenli oglanlaryň we gyzlaryň arasynda küşt boýunça dünýä çempionaty tamamlanmagyna iki aýlaw galmagyna çenli FIDE-niň ussady Leýla Şöhradowa gyzlaryň arasynda ilkinji üçlüginde öz ornuny saklaýar. Özbegistanly küşt oýunçysy Guldona Karimowadan üstün çykan düýnki ýeňşi sebäpli şu wagta çenli mümkin bolan 9 utukdan 7 utuk toplan Leýla, öňdebaryjy jübütler bolan russiýaly Aleksandr Şwedowa (FIDE reýtingi - 2170) we hytaýly bäsdeşi Wan Çukiaodan (FIDE reýting - 2215) bir utuk yza galýar.

1782 görkezijili reýtingi bilen ýaryşyň başynda 45-lik belgide çykyş edýän Leýla ajaýyp oýun görkezýär we eýýäm öz görkezijisini 173 bal ýokarlandyrdy. Onuň çykyş edýän toparynda Ýer ýüzünden jemi 105 gyz gatnaşýar.

Leýlanyň dogany Lala (FIDE reýting - 1846) hem 18 ýaşa ýetmedik gyzlaryň arasynda hem gowy netijeler görkezýär. Ol häzir 6.5 utuk bilen 9 aýlawdan soňky oýunlarda 7-nji ýerde durýar we öz reýtingini 156 bal ýokarlandyrmagy başardy. Soňky tapgyrda Lala mongoliýaly garşydaşy Bat-Erdene Mungunzuly ýeňdi (2111).

14 ýaşa çenli kategoriýada bäsleşýän Mähri Agamyradowa (1652) hem dünýä çempionatynda gowy çykyş edýär. Ol soňky aýlawda hytaýly Jiang Tianyudan (1917) 5,5 utuk bilen utulandygyna garamazdan, Mähri häzirki wagtda 125 gatnaşyjynyň arasynda 26-njy ýerde durýar. Mähriniň reýtingi häzirki wagtda 91 bal ýokarlandy.

Ýaryşda çykyş edýän oglanlar topary hem soňky oýunlaryny üstünlikli geçirdiler. Amanmuhammet Hommadow (18 ýaşa çenli oglnlaryň arasynda, reýting - 2055) awstriýaly FIDE-niň ussady Niko Markowitz (2324) bilen deňme-deň oýnady we 9 tapgyrdan soň 4,5 utuk gazandy. Sanjar Gaýbullaýew (16 ýaşa çenli) we Gurbanmurat Rüstemow (14 ýaşa çenli) hem garşydaşlaryndan ýeňiş gazanyp, degişlilikde 3,5 we 4 utuk topladylar.

Dünýä çempionatyna jemi 80 ýurtdan 766 küştçi gatnaşýar.
ORIENT news








