HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Baku şäherinde SPEKA sammitiniň öňüsyrasynda sebit döwletlerini baglanyşdyrmagyň ýollary maslahatlaşylýar

Noýabr 23, 2023 | 19:30 |7551
23-nji noýabrda Azerbaýjanyň Baku şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasynyň (SPEKA) Dolandyryş geňeşiniň 18-nji mejlisi geçirildi.23-nji noýabrda Azerbaýjanyň Baku şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasynyň (SPEKA) Dolandyryş geňeşiniň 18-nji mejlisi geçirildi.
Çeşme: report.az

23-nji noýabrda Azerbaýjanyň Baku şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasynyň (SPEKA) Dolandyryş geňeşiniň 18-nji mejlisi geçirildi.

Maksatnamanyň döredilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli guralan bu çärä Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Wengriýanyň degişli ministrlikleriň ýolbaşçylary, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleriniň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) we BMG-niňň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti üçin ykdysady komissiýasynyň (ESCAP) wekilleri gatnaşdylar.

1.jpg

Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Begmyrat Allakbaýew öz çykyşynda Hazar deňziniň portlaryny birikdirmek we söwda we üstaşyr ýük geçiriş ulgamlaryny sanlylaşdyrmak arkaly Merkezi Aziýanyň üsti bilen ýük daşamak üçin multimodal aragatnaşyk ulgamyny emele getirmegiň hem-de ulag aragatnaşygyny giňeltmegiň möhümdigini belledi.

Türkmenistanyň wekili şeýle hem SPEKA ýurtlarynyň barha artýan energiýa zerurlyklaryny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjünçiligiň mukdaryny artdyrmaga taýýardygyny belläp, bu ugurda özara gatnaşyklary ösdürmegiň tarapdarydygyny aýtdy.

Maslahatyň dowamynda gün tertibinde ileri tutulýan meseleler barada pikir alşyldy we sebit ýurtlaryň arasyndaky arabaglanyşygy we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça umumy garaýyşlar işlenip düzüldi.

Çäräniň netijesinde, gatnaşyjylaryň hemmesi degişli maksatlara ýetmek üçin bilelikde işlemäge taýýardyklaryny ýene bir gezek tassykladylar. SPEKA-nyň Dolandyryş geňeşi tarapyndan birnäçe karar kabul edildi hem-de Maksatnamanyň 2024-2025-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasy tassyklandy. SPEKA-nyň başlyklygy Azerbaýjandan Täjigistana geçirildi.

2.jpg

Hasabatda SPEKA-nyň 19-njy sammitiniň geljek ýyl Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçiriljekdigi habar berildi.

SPEKA-nyň şu gezekki sammitiniň maslahatlary 20-24-nji noýabry aralygynda Baku şäherinde geçirilýär. 24-nji noýabrda bolsa, BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasyna gatnaşýan döwletleriň Baştutanlarynyň sammiti geçiriler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

Eýran ABŞ bilen ähtnama gol çekeninden soňky 5 günüň içinde 18 million barrel nebit eksport etdi

17:00 Iýun 21, 2026
Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

Gapma-garşylyklar, wizalar we girmek üçin 24 sagat: Eýranyň ýygyndysynyň Dünýä Çempionaty-2026-da futbol üçin göreşi

13:00 Iýun 21, 2026
Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

10:00 Iýun 21, 2026