Habarlar

ÝB-niň ýaryşlarynda Merkezi Aziýadan bolan ýeňijiler Latwiýanyň energiýa netijeliligini öwrenýärlerÝB-niň ýaryşlarynda Merkezi Aziýadan bolan ýeňijiler Latwiýanyň energiýa netijeliligini öwrenýärler

ÝB-niň ýaryşlarynda Merkezi Aziýadan bolan ýeňijiler Latwiýanyň energiýa netijeliligini öwrenýärler

Talyplar, ýaş alymlar we hünärmenler, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlaryndan iň köp energiýa tygşytlaýan mekdepleriň wekilleri “Energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak - Latwiýanyň tejribesi” atly okuw sapary bilen Latwiýa bardylar. Ýewropa Bileleşiginiň çakylygy boýunça bu çärä Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň 12 wekili gatnaşdy. Olar ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýetiniň metbugat we maglumat bölüminiň sahypasynda habar berlişi ýaly, ÝB-niň “#Reels4SustainableEnergy” we iň oňat durnukly energetika Mural Dizaýn ýaryşlarynyň ýeňijileri, şeýle hem Merkezi Aziýanyň paýtagtlaryndaky umumy bilim berýän mekdepleriň arasynda “Iň köp energiýa tygşytlaýan mekdep” adyna dalaşgär görkezilen mekdepleriň wekilleridir.

Demirgazyk - Günorta ulag geçlegesiniň gündogar şahasyndan ýük geçirilişi düýpli artýarDemirgazyk - Günorta ulag geçlegesiniň gündogar şahasyndan ýük geçirilişi düýpli artýar

Demirgazyk - Günorta ulag geçlegesiniň gündogar şahasyndan ýük geçirilişi düýpli artýar

Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy arkaly ýük daşamagyň möçberi düýpli ýokarlanýar. Ýylyň başyndan bäri bu ulag şahasy arkaly ýük geçirilişiň ösüşi 26 göterime deň boldy. Bu barada "RŽD" paýdarlar jemgyýetiniň başlygynyň orunbasary Alekseý Şilonyň Astrahan şäherinde ulag-logistika forumynda eden çykyşyna salgylanyp, "Portnews" habarlar agentligi mälim edýär.

Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan ýangyç-energetika toplumynda zyňyndylaryň azaldylmagyna aýratyn üns berýärSerdar Berdimuhamedow: Türkmenistan ýangyç-energetika toplumynda zyňyndylaryň azaldylmagyna aýratyn üns berýär

Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan ýangyç-energetika toplumynda zyňyndylaryň azaldylmagyna aýratyn üns berýär

2012-nji ýylda kabul edilen Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýa Türkmenistanyň ählumumy howa gün tertibine doly derejede goşulyşmagynyň ýolunda başlangyç nokada öwrüldi diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Dubaý şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatynda (COP-28) eden çykyşynda mälim etdi.

Türkmenistanyň kompaniýalary Tähranda geçiriljek "EURASIA EXPO-2023" sergisine çagyryldyTürkmenistanyň kompaniýalary Tähranda geçiriljek "EURASIA EXPO-2023" sergisine çagyryldy

Türkmenistanyň kompaniýalary Tähranda geçiriljek "EURASIA EXPO-2023" sergisine çagyryldy

4 - 7-nji dekabrda Eýranyň paýtagty Tähranyň Merkezi sergi toplumynda 2- nji "EURASIA EXPO-2023" atly halkara sergisi geçiriler. Bu gözden geçirilişe Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Pakistanyň, Yragyň, Kuweýtiň, Bahreýniň, Omanyň, Türkiýäniň, BAE-niň, Saud Arabystanynyň, Hytaýyň, Hindistanyň, Singapuryň, Wýetnamyň, Azerbaýjanyň, Belarusyň, Özbegistanyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň wekiliýetleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.