HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda ýaş we geljekki diplomatlar üçin gepleşikleri geçirmek boýunça seminarlar geçirildi

Dekabr 02, 2023 | 01:00 |7053
Kyrkdan gowrak ýaş we geljekki diplomatlar 29-njy noýabrdan 1-nji dekabr aralygynda Aşgabatda geçirilen gepleşikleri täsirli geçirmek boýunça okuw seminarlaryna gatnaşdy.Kyrkdan gowrak ýaş we geljekki diplomatlar 29-njy noýabrdan 1-nji dekabr aralygynda Aşgabatda geçirilen gepleşikleri täsirli geçirmek boýunça okuw seminarlaryna gatnaşdy.
Çeşme: ÝHHG

Kyrkdan gowrak ýaş we geljekki diplomatlar 29-njy noýabrdan 1-nji dekabr aralygynda Aşgabatda geçirilen gepleşikleri täsirli geçirmek boýunça okuw seminarlaryna gatnaşdy.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi Türkmenistanyň ýaş we geljekki diplomatlaryny konfliktiň öňüni almak we irki duýduryş ulgamynda öňdebaryjy tejribe we mehanizmler bilen tanyşdyrmak we täsirli gepleşikleri geçirmek we diplomatik ukyplaryny ýokarlandyrmak üçin zerur bilimler we endikler bilen üpjün etmek üçin seminarlar gurady.

"Köp ýyl bäri üstünlikli alyp barýan bu okuwlarymyz, ajaýyp okuw usulydygyny subut etdi" – diýip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň syýasy meseleler boýunça geňeşçisi William Lif belledi.

"Gitdigiçe birek-birege bagly dünýäde netijeli gepleşikleri geçirmek ukyby aýratyn ähmiýete eýe we bu okuw sapagy gatnaşyjylary halkara diplomatiýasynyň kynçylyklaryny çözmek üçin zerur gurallar bilen üpjün etmegi maksat edinýär" -diýip Lif sözüniň üstüni ýetirdi.

Niderlandiýaly doktor Sami Faltas gatnaşyjylara diplomatik gepleşikler barada gürrüň berdi we olary professional gepleşikçiniň häsiýetlerini ara alyp maslahatlaşmaga çagyrdy. Köptaraplaýyn gepleşiklere, olaryň görnüşlerine we gurallaryna aýratyn üns berildi. Gatnaşanlar diplomatiýa we gepleşik başarnyklary bilen meşgullandylar we köptaraplaýyn gepleşiklerde simulýasiýa maşkyna gatnaşdylar.

"Bu seminarlarda alnan bilim, tejribe ýaş we geljekki diplomatlara Bitarap Türkmenistanyň sebit howpsuzlygyny güýçlendirmek tagallalaryna has täsirli goşant goşmaga mümkinçilik berer"-diýip, William Lif belledi.

Ýaş diplomatlar üçin geçirilen seminara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 14 işgäri, geljekki diplomatlar üçin niýetlenen seminara ministrligiň Halkara gatnaşyklary institutynda we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde “Halkara gatnaşyklary we hukuk” hünäri boýunça bilim alýan 27 sany uly kurs talyplar gatnaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Fransiýa jöwzaly yssa taýýarlanýar: Fransiýanyň Banky munuň ykdysadyýete ýetirjek täsirlerine baha berýär

Fransiýa jöwzaly yssa taýýarlanýar: Fransiýanyň Banky munuň ykdysadyýete ýetirjek täsirlerine baha berýär

18:00 Iýun 22, 2026
Ýarym million ýürek, bir gol: Kabo-Werde nähili edip dünýä çempionyny saklady we adalara taryhy deňligi getridi

Ýarym million ýürek, bir gol: Kabo-Werde nähili edip dünýä çempionyny saklady we adalara taryhy deňligi getridi

17:00 Iýun 22, 2026
Sanly ŞHG: Gyrgyzystan galp maglumatlara garşy göreşmek we mazmun alyşmak üçin media öňdebaryjylaryny bir ýere ýygnady

Sanly ŞHG: Gyrgyzystan galp maglumatlara garşy göreşmek we mazmun alyşmak üçin media öňdebaryjylaryny bir ýere ýygnady

16:00 Iýun 22, 2026