Demirgazyk - Günorta ulag geçlegesiniň gündogar şahasyndan ýük geçirilişi düýpli artýar


Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy arkaly ýük daşamagyň möçberi düýpli ýokarlanýar. Ýylyň başyndan bäri bu ulag şahasy arkaly ýük geçirilişiň ösüşi 26 göterime deň boldy. Bu barada "RŽD" paýdarlar jemgyýetiniň başlygynyň orunbasary Alekseý Şilonyň Astrahan şäherinde ulag-logistika forumynda eden çykyşyna salgylanyp, "Portnews" habarlar agentligi mälim edýär.
Bellenişi ýaly şu ýyl Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçlegesiniň ähli şahalary boýunça konteýner ýük daşamagyň möçberi iki esse artdy. Bu öz gezeginde halkara ulag geçelgesine bolan gyzyklanmanyň barha artýandygyny görkezýär.
Ýylyň başyndan bäri, halkara ulag geçelgesiniň günbatar şahasy arkaly ýük geçirilişi 7 göterim, orta geçelegesi 10 göterim ýokarlandy.
Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesiniň gündogar şahasy Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň çäginden geçýär. Nygtalyşy ýaly, geljegi uly taslama hökmünde garalýan bu ýol häzirki wagtda ýük geçirmekde uly ähmiýete eýe boldy.
ORIENT news








