Guradylan düýe süýdi patentleşdirildi. Bu önümiň aýratynlyklary nämeden ybarat?


Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi guradylan düýe süýdüni patentledi. Bu ylmy işi patentlemek üçin dowamly ylmy barlaglar geçirildi. Netijede, alymlar dürli minerallara baý guradylan süýt üçin iň amatly usuly oýlap tapdylar. Bu barada TYA-nyň Tehnologiýalar merkezi habar berdi.
Ylmy barlagy alyp baryjy alymlaryň belleýşi ýaly, önüm tebigy düýe süýdünden öndürilýär. Çig mal dürli synaglardan geçirilip, onuň esasy maksady ondaky peýdaly maddalary gorap saklamagyň iň täsirli usulyny kesgitlemekden ybarat boldy. Sublimasiýa usulynda önümiň emeli goşundylary, şol sanda GMO düýbünden aýryldy.
Aziýanyň halklary 4 müň ýyldan bäri, düýe süýdüni azyk hökmünde peýdalanyp gelýärler. Merkezi Aziýanyň we Arap ýarym adasynyň gadymy ýaşaýjylary düýe süýdüniň gymmatly maddalara baýdygyny ir wagtdan bilipdirler. Düýe süýdi bedeni berkidip, immun ulgamyny ýokarlandyrýar we ýara çişmesiniň öňüni almaga ýardam edýär.
Türkmen alymlary tarapyndan döredilen guradylan önüm içerki agrosenagat pudagy üçin gymmatly we tebigy iýmit goşundysyna öwrüler. Şol bir wagtyň özünde önümde allergiki täsirlemeler ýok we ol ýokanç keselleriň we patologiýalaryň ösmegine işjeň garşy göreşmäge kömek edýär. Mundan başga-da, immun ulgamynyň işjeňligi kadalaşýar, bu bedeniň allergiki täsirlerini ep-esli azaldýar. Bu aýratynlyk arassa gipoallergen önümi düýe süýdüniň ýylyň ähli paslynda sarp edilişini artdyryp biler.
Mundan başga-da, düýe süýdünde keseli oýaryjy täsirlemeler ýok. Çünki onda köp mukdarda probiýotikler bar. Täze önümiň sarp edilmegi sýji keseliniň täsirlerini ep-esli azaltmaga hem ýardam eder. Alymlar önümi yzygiderli ulanmagyň insuline bolan talaby 30% azaldýandygyny anykladylar. Täze görnüşli düýe süýdüniň zyýanly çişleriň döremegine howp salýan kanserogenleri aýyrmak ukybynyň barlygy, onuň düwnük keselinden ejir çekýän adamlar üçin hem peýdaly bolup biljekdigini salgy berýär.
Mysal edip aýtsak, mineral we witamin toplumyna baý bir bulgur düýe süýdüniň düzüminde dişleri we süňkleri berkidýän kalsiý, ýüregiň işleýşini kadalaşdyrýan magniý, ganyň lagtalanmagynyň öňüni alýan demir, gormony kuwwatlandyrýan mis, nerw işini kadalaşdyrýan sinke we beýleki maddalara baýdyr.
Şeýle hem alymlar düýe süýdüniň kaloriýasynyň azdygyny we aşa semiz adamlaryň sarp etmegi üçin peýdaladygyny aýdýarlar. Täze guradylan düýe süýdi has giň gerimde peýnir we beýleki süýt önümlerini öndürmekde hem peýdalanyp bilner.
Arslan Mämmedow








