

Serdar Berdimuhamedowyň we Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi.


Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi.


Şu gün Türkmenistanyñ Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyñ we Özbegistan Respublikasynyñ Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiñ arasynda telefon arkaly gepleşikler geçirilip, Şawkat Mirziýoýew döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen gutlamak bilen oña berk jañ-saglyk, bagtyýarlyk we uly üstünlikleri arzuw etdi.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli döwlet başutanlaryndan we hökümet başlyklaryndan, dürli ýurtlaryň tanymal syýasatçylaryndan köpsanly gutlaglar gelip gowuşdy. Bu gutlag hatlar Türkmenistan bilen alnyp barylýan bilelikdäki işine berlen ýokary bahany we bu babatda öňde duran uly meýilleri açyp görkezýär.


19-21-nji sentýabr aralygynda TBM-niň orunbasary Azat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti HHR-nyň Şanhaý şäherinde geçirilen "Huawei" kompaniýasynyň "Connect-2024" sergisine gatnaşmak bilen onuň çäklerinde «Akylly bilim ulgamy» bölümine baryp gördüler. Ol ýerde ýurdumyzyň bilim işlerini sanlylaşdyrmak üçin öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary A.Ataýew "Akyly güýçlendirmek" (Amplify Intelligence) şygary bilen geçýän “Huawei Connect – 2024” halkara forumyň çäklerinde Huawei kompaniýasynyň wise-prezidenti Lýu Guý bilen duşuşdy. Taraplar duşuşykda Türkmenistanda bilim ulgamyna sanly çözgütleri ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
20-nji sentýabrda Galmyk Respublikasynyñ (Russiýa Federasiýasy) paýtagty Elista şäherinde beýik şahyr Magtymguly Pyragynyñ doglan gününiñ 300 ýyllygy mynasybetli "Bakylygyň nyşanlary: türkmen we galmyk halklarynyň arasyndaky dostluk-doganlyk köprüsi" atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahat «Asyrlar boýy halklar bilelikde» atly sebitleýin forumynyñ çäginde geçirildi.


20-nji sentýabrda Pekiniñ Parahatçylyk seýilgähinde Halkara parahatçylyk gününe bagyşlanylyp 11-nji Parahatçylyk festiwaly geçirildi. BMG-niñ başlangyjy bilen 2002-nji ýylyñ 21-nji sentýabryndan başlap her ýyl bellenilýän bu dabara köpsanly gatnaşyjylary ýygnady.


2024-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistan bilen Zambiýanyň Bilim ministrliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ýokary bilim pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegi, şeýle hem iki ýurduň uniwersitetleriniň arasynda talyp alyş-çalşygy meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň bilim ulgamynyň degişli hünärmenleri bu çäräniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin ähmiýetini nygtaýan gepleşiklere gatnaşdy.


Daşkent şäherinde Alyşir Nowaýy adyndaky Daşkent Döwlet özbek dili we edebiýaty uniwersitetinde Ýewropa bileleşiginiň Erasmus+ programmasynyň çäklerinde möhüm halkara seminary geçirildi. Bu çäre Özbegistanyň Ýokary okuw bilim, ylym we innowasiýalar ministrligi bilen bilelikde guraldy. Onlaýn okuw seminar "Ýokary okuw mekdepler üçin Halkara QS we THE reýtinglerine gatnaşmak boýunça ýollary" atly tema bagyşlanyp, ýokary bilim ulgamynyň halkara reýtinglerine goşulmagyň ýollaryny we mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen guraldy.


Anna güni, 20-nji sentýabrda, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda gysga süýümli pagta we düz aýna önümleri uly islege eýe boldy.


Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Kataryň Döwletiniň kiberhowpsuzlyk boýunça Milli agentliginiň başlygy Abdulrahman bin Ali Al Farahid Al Maliki bilen duşuşyk geçirdi.


Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyñ raýatlygyna 1 müñ 146 adamyny kabul etmek barada Karara hem-de 134 adama ýurtda ýaşamaga rugsat berýän baradaky Permana gol çekdi.


Türkmenistanda Garaşsyzlyk güni mynasybetli jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryñ 736-nyñ günäsi geçildi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyñ Kararyna laýyklykda olar tussag edilen ýerlerinden azatlyga çykarylar.


20-nji sentýabrda Pekinde “Gazprom” AGPJ-iň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Miller bilen CNPC dolandyryş geňeşiniň başlygy Daý Houlýanyň arasynda iş duşuşygy geçirildi.


Türkmenistanyñ wekiliýeti 16-18-nji sentýabr aralygynda Abu-Dabide (BAE) geçirilen Jemagat kärhanalarynyñ bütindünýä kongressine (World Utilities Congress 2024) gatnaşdy.