Elistada halkara maslahat: Magtymgulynyñ 300 ýyllyk baýramçylygy galmyklary we türkmenleri birleşdirýär


20-nji sentýabrda Galmyk Respublikasynyñ (Russiýa Federasiýasy) paýtagty Elista şäherinde beýik şahyr Magtymguly Pyragynyñ doglan gününiñ 300 ýyllygy mynasybetli "Bakylygyň nyşanlary: türkmen we galmyk halklarynyň arasyndaky dostluk-doganlyk köprüsi" atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahat «Asyrlar boýy halklar bilelikde» atly sebitleýin forumynyñ çäginde geçirildi.
Dabarada türkmen we galmyk halklarynyñ arasyndaky taryhy hyzmatdaşlygyñ meselelerine hem-de Türkmenistan bilen Galmyk Respublikasynyñ arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek mümkinçiliklerine aýratyñ ähmiýet berildi.
Türkmenistanyñ konsuly Gadam Ilamanow öz gutlag sözünde türkmen we ähli türki dilli edebiýat dünýasiniñ kemala gelmeginde we ösdürilmeginde Magtymguly Pyragynyñ döredijiliginiñ ähmiýetli orny barada aýratyn belläp geçdi. Şeýle-de ol galmyklaryñ we türkmenleriñ arasyndaky gatnaşyklarynyñ taryhynyñ boşluklaryny doldurmak üçin olaryñ düýpli öwrenilmegine çagyrdy.

Maslahat dürli ugurlardan bilermenleri ýygnady: alymlar, syýasaty öwrenijiler, Russiýanyñ we GDA ýurtlarynyñ uniwersitetleriniñ we anyklaýyş merkezleriniñ wekilleri. Olar Galmyk Respublikasynyñ Türkmenistan bilen arasyndaky hyzmatdaşlygyna hem-de Magtymguly Pyragynyñ döredijiligine bagyşlanan nutuklary bilen çykyş etdiler. Dabaraly çärä Galmyk Respublikasynyñ hökümet wekilleri hem-de Halk Huralynyñ (Parlament) Başlygy we deputatlary gatnaşdy. Mundan başga-da B.B.Gorodowikow ad. Galmyk döwlet uniwersitetinde bilim alýan türkmenistanly talyplar hem maslahata gatnaşmaga çagyryldy.
Bu maslahat medeni hyzmatdaşlyk we umumy mirasyñ ähmiýetini açyp görkezmek bilen, iki respublikanyñ halklarynyñ arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryñ pugtalandyrylmagynda möhüm ädim boldy.

Maslahata gatnaşýan myhmanlar üçin sergi gurnalyp, onda türkmen şekillendiriş we zergärçilik sungatynyñ önümleri, milli egin-eşikler we amaly-haşam sungatynyñ nusgalary ýerleşdirildi. Bu bolsa maslahata medeni öwüşgin goşup, halklaryñ arasyndaky dostlugyñ wajyplygyny açyp görkezdi.
ORIENT news







