Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlaglar: dünýä ýurtlarynyň Liderleri gazanylan üstünlikleri we dostlukly gatnaşyklary barada belleýärler


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa doglan güni mynasybetli döwlet başutanlaryndan we hökümet başlyklaryndan, dürli ýurtlaryň tanymal syýasatçylaryndan köpsanly gutlaglar gelip gowuşdy. Bu gutlag hatlar Türkmenistan bilen alnyp barylýan bilelikdäki işine berlen ýokary bahany we bu babatda öňde duran uly meýilleri açyp görkezýär.
Russiýa Federeasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin öz gutlagynda Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň tarapdarydygy barada aýratyn belledi. Ol Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy, abadançylygy üpjün etmegiň hatyrasyna Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň dostlukly halklarynyň bähbidine ikitaraplaýyn we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça bilelikdäki netijeli işiň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.
Hytaý halk respublikasynyň başlygy Si Szinpin: “Geçen ýyl biz Siz bilen iki gezek duşuşyp, hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylandygyny, şeýle hem Hytaý bilen Türkmenistanyň “Bitewi ykbal bileleşiginiň” durmuşa geçirilýändigini yglan etdik, iki döwletiň arasynda däp bolan dostlugy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin täze meýilnamalary kesgitledik” – diýip belledi.
“Men hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýärin” – diýip, Szinpin mundan beýläk köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bilelikde iş alyp barmaga taýýardygyny belledi.
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym Žomart-Tokaýew Serdar Berdimuhamedowyň Döwlet Baştutany wezipesinde alyp barýan netijeli işi hem-de amala aşyrylýan oňyn Bitaraplyk syýasaty dostlukly Türkmenistanyň durnukly ösüşiniň, onuň raýatlarynyň rowaçlygynyň, Aşgabadyň halkara giňişlikdäki abraýynyň pugtalanmagyň kepili bolup durýandygy barada belledi. Şeýle-de ol ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk berkidilmeginiň ähmiýeti barada aýratyn belläp geçdi.
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon täjik-türkmen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk ruhunda hemmetaraplaýyn ösdürilmegine bildirilýän gyzyklanma barada belledi. “Bilelikdäki tagallalar esasynda iki doganlyk halklaryň bähbidine Täjigistanyň we Türkmenistanyň köpugurly gatnaşyklarynyň ösdürilmegine mundan beýläk-de ýardam ediljekdigine ynanýaryn”.
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew “bilelikdäki tagallalar” bilen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary brileşdirýän iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň dowam etdirilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Gyrgyzystan Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Serdar Berdimuhamedowyň syýasy tutanýerliliginiň we ýokary hünärliliginiň saýasynda Türkmenistan “çalt depginde ösdürilip”, bilelikdäki tagallalar bolsa gyrgyz-türkmen hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine ýardam etjekdgini aýratyn belläp geçdi.
Dünýäniň beýleki liderleri, şol sanda Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko hem-de Ermenistan Respublikasynyň premýer-ministri Nikol Paşinýan hem Türkmenistanyň Prezidentine berk jan-saglyk we döwlet işinde üstünlikleri tüýs ýüreklerinden arzuw etdiler.
Bu gutlaglar hormat we mähirli arzuwlary beýan etmek bilen dünýä liderleriniň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny açyp görkezýär.
Türkmenistanyň Prezidentine gutlag hatlary Russiýa Federasiýasynyň Hökümet Başlygy Mihail Mişustinden, RF Federal Ýygnagynyň Federal Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkodan, Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkinden, Katar Döwletiniň şeýhler maşgalasynyň agzasy Faýsal bin Naser bin Hamad Al Taniden we beýlekilerden gelip gowuşdy.
ORIENT news








