HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we "Huawei" sanly bilimiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

Sentýabr 21, 2024 | 21:00 |11582
Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary A.Ataýew "Akyly güýçlendirmek" (Amplify Intelligence) şygary bilen geçýän “Huawei Connect – 2024” halkara forumyň çäklerinde Huawei kompaniýasynyň wise-prezidenti Lýu Guý bilen duşuşdy. Taraplar duşuşykda Türkmenistanda bilim ulgamyna sanly çözgütleri ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary A.Ataýew "Akyly güýçlendirmek" (Amplify Intelligence) şygary bilen geçýän “Huawei Connect – 2024” halkara forumyň çäklerinde Huawei kompaniýasynyň wise-prezidenti Lýu Guý bilen duşuşdy. Taraplar duşuşykda Türkmenistanda bilim ulgamyna sanly çözgütleri ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary A.Ataýew "Akyly güýçlendirmek" (Amplify Intelligence) şygary bilen geçýän “Huawei Connect – 2024” halkara forumyň çäklerinde Huawei kompaniýasynyň wise-prezidenti Lýu Guý bilen duşuşdy. Taraplar duşuşykda Türkmenistanda bilim ulgamyna sanly çözgütleri ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň bilim ulgamyna okuw işlerini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, talyplaryň ýetişigine gözegçilik etmäge we mugallymlaryň hünär derejesini kämilleşdirmäge mümkinçilik berýän Huawei sanly platformalaryny sazlaşykly ornaşdyrmagyň wezipeleri barada aýdyldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.

A.Ataýew "Huawei" kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna we ylym-bilim ulgamy bilen bir hatarda jemgyýetiň ähli ugurlaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy. Ol, hususan-da, ýurtda bilim babatda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösdürilişi we bilim ulgamyna ornaşdyrylýan innowasion sanly çözgütler barada maglumat berdi.

Bilim ministriniň orunbasary “Huawei Connect – 2024” atly forumyň sergisinde görkezilen bilim ulgamynda emeli aňy ahlak (etiki) taýdan ulanmagyň innowasion çözgütlerine hem-de forumda teklip edilen bilim babatda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary boýunça hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliklerini açýan Huawei ICT academy taslamasyna gyzyklanma bildirilýändigini aýtdy.

Снимок экрана (4322).jpg

Kompaniýanyň wise-prezidenti bilim ulgamyny sanlylaşdyrmagyň wajyplygyny belläp, hyzmatdaşlygyň okatmagy emeli aňyň, bulut tehnologiýalaryň we uly göwrümli maglumatlaryň esasynda dolandyrmagyň ulgamlaryny ulanmak ýaly esasy ugurlaryny aýratyn nygtady.

Şeýle hem, "Huawei ICT academy" taslamasynyň çäklerinde talyplara we mugallymlara halkara sertifikatlaryny almaga mümkinçilik berýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar duşuşygyň ahyrynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga taýýardyklaryny bellediler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

20:00 Sentýabr 29, 2026
Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

Kongo Demokratik Respublikasynda Ebolanyň tassyklanan ýagdaýlarynyň sany 8 müňden geçdi

18:00 Sentýabr 29, 2026
Tailanddaky suw joşmalary 42 welaýata täsir etdi, sekiz adam aradan çykdy

Tailanddaky suw joşmalary 42 welaýata täsir etdi, sekiz adam aradan çykdy

16:00 Sentýabr 29, 2026