Türkmenistanyñ Prezidenti 1 müñ 146 adamy Türkmenistanyñ raýatlygyna kabul etmek barada Karara gol çekdi


Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyñ raýatlygyna 1 müñ 146 adamyny kabul etmek barada Karara hem-de 134 adama ýurtda ýaşamaga rugsat berýän baradaky Permana gol çekdi.
Türkmenistanyñ raýatlygyna 29 milletiñ wekilleri kabul edilip, 6 sany daşary ýurt döwletleriniñ we 15 milletiñ wekillerine ýurtda ýaşamaga rugsat berilýär. Bu barda anna güni geçirilen hökümet mejlisiniñ dowamynda aýdylyp geçildi, onda döwlet Baştutany Türkmenistanyñ Garaşsyzlygynyñ 33 ýyllygy mynasybetli ýokarda agzalan Karara we Permana gol çekdi.
Pasportlaryñ we beýleki degişli resminamalarynyñ gowşurylyş dabarasyny indiki hepde Döwlet migrasiýa gullugynyñ binasynda geçirmek meýilleşdirilýär. Adaty bolşy ýaly, dabara halkara guramalarynyñ we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniñ wekilleri çagyryldy.
Mundan başga-da Ministrler Kabinetiniñ mejlisinde köp ýyllaryñ dowamynda Türkmenistanyñ raýatlygyna 30 müñ 998 adam kabul edilip, olar häzirki wagtda ýurtda ýaşap, başga döwletleriñ raýatlygyna degişli däldigi barada, 5 mün 18 daşary ýurtly raýatlara we raýatlygy bolmadyk adamlara ýurtda ýaşamak rugsat edilendigi barada bellenildi Dünýä bileleşigini Türkmenistanyñ oñyn tejribesi bilen tanyşdyrmak maksady bilen Aşgabatda 8-nji noýabrda raýatsyzlygy düýbünden ýok etmek babatda ýokary derejedäki sebit maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Bu maslahaty Döwlet Baştutanynyñ başlangyçlarynyñ hem-de BMG-niñ Baş Assambleýasynyñ 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyñ ileri tutýan garaýyşlarynyñ esasynda BMG-niñ bosgunlar baradaky Ýokary komissarynyñ Müdiriýeti bilen bilelikde geçirmek göz öñünde tutulýar.
ORIENT news








