HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Gazprom” we CNPC “Sibiriň güýji” gaz geçirijisi arkaly Hytaýa iberilýän gazy möhletinden öň artdyrmak barada ylalaşdylar

Sentýabr 20, 2024 | 23:32 |10828
20-nji sentýabrda Pekinde “Gazprom” AGPJ-iň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Miller bilen CNPC dolandyryş geňeşiniň başlygy Daý Houlýanyň arasynda iş duşuşygy geçirildi.20-nji sentýabrda Pekinde “Gazprom” AGPJ-iň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Miller bilen CNPC dolandyryş geňeşiniň başlygy Daý Houlýanyň arasynda iş duşuşygy geçirildi.
Çeşme: gazprom.ru

20-nji sentýabrda Pekinde “Gazprom” AGPJ-iň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Miller bilen CNPC dolandyryş geňeşiniň başlygy Daý Houlýanyň arasynda iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar rus gazynyň Hytaýa eksport edilmegine aýratyn üns berdiler. “Gazprom” gündelik şertnamalaýyn borçnamalardan ýokary bolan “Sibiriň güýji” gaz geçirijisi arkaly ygtybarly üpjünçiligi kepillendirýär.

Duşuşykda “gündogar” ugry boýunça gaz satyn almak we satmak baradaky goşmaça şertnama gol çekildi we oňa laýyklykda 2024-nji ýylyň dekabrynda goşmaça üpjünçiligi ylalaşyldy. Russiýanyň energiýa kompaniýasynyň web sahypasynyň habaryna görä, bu diňe 2025-nji ýylyň başynda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän Hytaýa gündelik gaz üpjünçiligini möhletinden öň iň ýokary şertnama derejesine çenli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

Ikinji “uzak gündogar” ugry boýunça gurluşyk işleri meýilnama boýunça dowam edýär.

Taraplar işgärleriň hünär derejelerini ösdürmek, şeýle hem ylmy, tehniki we medeni ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlygy bellediler. Bu ýyl Hytaýda XIV “Gazprom” we CNPC sungat festiwaly geçirildi, bu medeniýetler arasyndaky gepleşikleriň we halklaryň arasyndaky dostlugyň pugtalandyrylmagyna itergi berdi.

Maglumat üçin: CNPC – “Gazpromyň” Hytaýdaky esasy hyzmatdaşy. 2019-njy ýylyň 2-nji dekabryndan başlap kompaniýalaryň arasynda “gündogar” ugry boýunça ýylda 38 milliard kub metr möçberinde gaz ibermek boýunça 30 ýyllyk şertnamasy hereket edýär. 2022-nji ýylyň fewral aýynda “uzak gündogar” ugry boýunça taslama doly kuwwatyna ýetenden soň ýylda umumy üpjünçiligiň mukdaryny 48 milliard kub metre çenli ýokarlandyrjak uzak möhletli şertnama gol çekildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

ÝB resmi taýdan ABŞ bilen söwda ylalaşygyny tassyklady — şertnama bozulsa, çalt jogap bermäge mümkinçilik döredildi

21:00 Iýun 26, 2026
188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

188 adam heläk boldy, 1520 adam ýaralandy, 200 töweregi adam henizem harabalyklaryň astynda: goşa ýer titremesinden soň Wenesuela wagt bilen göreşýär

20:00 Iýun 26, 2026
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026