Serdar Berdimuhamedowyň we Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi


Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi.
Russiýa Federasiýasynyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini doglan güni mynasybetli tüýs ýüreginden gutlamak bilen, oňa berk jan-saglyk, abadançylyk, jogapkärçilikli döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollap, onuň netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga goşan uly goşandy barada belledi.
Serdar Berdimuhamedow Wladimir Putine ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine berýän ähmiýeti üçin minnetdarlygyny bildirip, Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygynyň yzygider ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi diýip, “TDH” habar berýär. Döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýar. Hyzmatdaşlyk ýyllaryň içinde uly üstünliklere ýetildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň halklarynyň bähbidine gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna ynam bildirdi.
Telefon arkaly gepleşigiň dowamynda Döwlet Baştutanlary Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň geljekki köptaraply hyzmatdaşlygyna taýýardygyny tassykladylar.
Kremliň habarlar gullugynyň berýän habarlaryna laýyklykda, gepleşigiň dowamynda oktýabr aýynda Russiýada we Türkmenistanda geçiriljek iri halkara çäreleriniň, ýagny Moskwada geçiriljek GDA sammiti, Kazanda geçiriljek BRIKS sammiti hem-de Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanylyp Aşgabatda geçiriljek maslahatynyň taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
ORIENT news








