

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky yzygiderli howa gatnawlary 1-nji iýundan dikeldiler
Tomusyň ilkinji güni “Türkmenhowaýollarynyň” ýolagçy uçary Russiýanyň Kazan şäherinden Türkmenabada yzygiderli göni uçuşlaryň birinjisini amala aşyrar. Mundan beýläk gatnawlar her hepdäniň çarşenbe güni ýerine ýetiriler - diýip, Tatarstanyň paýtagtynyň Halkara howa menziliniň saýty habar berýär.


















