HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Bakuda SPECA ýurlarynyň ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy

Noýabr 01, 2022 | 08:49 |6235
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti duşenbe güni, 31-nji oktýabrda Bakuda geçirilen SPECA ýurtlary üçin ýokary derejeli maslahata gatnaşdy.Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti duşenbe güni, 31-nji oktýabrda Bakuda geçirilen SPECA ýurtlary üçin ýokary derejeli maslahata gatnaşdy.
Çeşme:

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti duşenbe güni, 31-nji oktýabrda Bakuda geçirilen SPECA ýurtlary üçin ýokary derejeli maslahata gatnaşdy.

Forum Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň ýörite maksatnamasy boýunça (SPECA) “BMG-niň standartlaryny ulanmak arkaly ibermeler ulgamynda maglumatlary alyşmagyň sanlylaşdyrylmagy” diýen meselä bagyşlanyldy.

Türkmenistanyň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory çykyşynda Türkmenistanyň sebit bazaryny hem-de ibermeleriň serhetüsti halkalaryny ösdürmek, MA-nyň Ýewropa we Aziýa bilen ykdysadyýetleriniň birleşip bilijiligini gowulandyrmak boýunça SPECA-nyň garaýşyny paýlaşýandygyny belledi.

Ol 2019-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda SPECA-nyň ýolbaşçylar geňeşiniň 14-nji mejlisiniň geçirilendigini, şonuň çäklerinde “BMG-niň gurallaryny, kadalaryny, standartlaryny we tekliplerini ulanmk arkaly SPECA sebitinde özara baglanyşyklylygyň bir wagtyň özünde güýçlendirilmegi bilen söwdada we ulag ulgamynda päsgelçilikleri azaltmak boýunça Aşgabat Başlangyjynyň” kabul edilendigini aýratyn belledi.

Mämmethan Çakyýew Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa ulgamyny sanlylaşdyrmak nusgasynyň ýeke-täk meýdança hökmünde logistikany, söwdany we tehnologiýalary özünde birleşdirýändigi barada kärdeşlerine habar berdi. Şeýle çemeleşmede “ýeke-täk penjiräniň”, sanly söwda ulgamlarynyň, trekingiň we onlaýn tölegleriň, seljermäniň, sanly hyzmatlaryň hem-de hosting hyzmatlarynyň ugurlary kemala gelýär.

BMGÖM bilen bilelikde Türkmenistanda we UNCTAD-da eýýäm import we eksport amallary üçin “ýeke-täk penjire” taslamasy işe girizildi. Ol gümrügiň sanly hyzmatlarynyň harytlary getirmäge we çykarmaga rugsat hem-de ygtyýarlandyrma berýän dürli edaralaryň işi bilen ýakynlaşmagyny göz öňünde tutýar.

Demir ýol, howa we awtomobil ulaglary arkaly daşamak amallaryny ýönekeýleşdirmek maksady bilen, müşderiler tarapyndan haýyşnamalar bermekden, ýük akymlarynyň barşyny synlamakdan, daşamalar üçin töleglerden başlap, ýük akymlaryna seljerme hem-de daşamalaryň netijeliligine baha bermäge çenli elektron ulag resminamalarynyň milli ulgamy işjeň ösdürilýär.

Bu ulgam CIM-SMGS, TIR-EPD we e-SMR ýaly degişli ulag resminamalarynyň halkara usullary bilen yzygiderli ýakynlaşýar.

Türkmenistan tarapyndan ähli goňşy döwletler bilen gol çekilen gümrük maglumatlaryny alyşmak hakynda ähtnamalar hem-de Eýran we Özbegistan, şeýle hem Azerbaýjan bilen şeýle maglumatlary alyşmak we çemeleşmeler boýunça eýýäm ylalaşylan tehniki şertler maglumatlary alyşmagyň sebitleýin ulgamyny kemala getirmekde, netijede bolsa, serhetüsti kagyzsyz söwdany döretmekde ýagdaýlary ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Şeýle hem ýurtda sanly söwda ulgamlar depginli ösdürilýär, barha täze onlaýn dükänlar peýda bolýar. Diňe Milli domen merkezinde bellige alnan şeýle serişdeleriň sany 240-a ýetýär. “Türkmenpoçta” Post-Shop onlaýn hyzmaty synag ýagdaýynda işe girizildi. Ony geljekde buýurmalaryň ýerine ýetirilişini synlamak, ýükleriň ammarlarda saklanylyşy, ýükleriň, şol sanda konteýnerlerde daşalmagynyň guralyşy ýaly hyzmatlarynyň ýola goýulmagy bilen giňeldilmegi arkaly dünýä derejeli onlaýn hyzmatlara goşmak göz öňünde tutulýar.

Bakuda geçirilen çärede, şeýle hem Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ugurdaş düzümleriniň ýolbaşçylary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa, beýleki halkara edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri çykyş etdiler. Çykyşlarda bu maslahatda gozgalýan meseleleriň wajypdygy bellenildi we möhüm bilelikdäki taslamalar barada aýdyldy.

ORIENT news
Foto: news.day.az

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026