Türkmenistanyň wekiliýeti C5+1 formatdaky ykdysady komitetiň mejlisine gatnaşdy


Ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Serdar Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti C5+1 formatynyň (Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan we ABŞ) Ykdysady meseleler boýunça iş komitetiniň yzygiderli onlaýn mejlisine gatnaşdy.
Duşuşyga gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň - ABŞ-nyň köptaraplaýyn formatynyň çäginde söwda, ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň uly geljeginiň bardygyny bellediler.
Duşuşykda eden çykyşynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary sebitdäki söwdanyň durnukly ösüşine ünsi jemlemegiň zerurdygyny belledi we Merkezi Aziýada degişli işleriň sanlylaşdyrylmagy jähtinde onuň möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny nygtady.

Onlaýn mejlisiň barşynda habar berlişi ýaly, ABŞ ýakynda Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetini kämilleşdirmek üçin alnyp barylýan taslamalara takmynan 15,2 million dollar maýa goýdy. Bu serişdeleriň bir bölegi ulag we üstaşyr geçelgelerini ösdürmäge gönükdirilipdi. ABŞ-nyň Söwda ministrligi Merkezi Aziýa ýurtlaryna söwda, maýa goýumlary we sebit ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin tehniki goldawy berip gelýär.
Duşuşygyň ikinji sessiýasy açyk çekişme görnüşinde geçirildi, onuň barşynda oňa gatnaşyjylara Merkezi Aziýada daşary ýurt maýa goýumlaryny ösdürmek barada öz pikirlerini aýtmak we teklipler bermek mümkinçiligi berildi. Ara alyp maslahatlaşmany Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary tarapyndan alnyp baryldy.
Mejlisiň dowamynda türkmen tarapy sebit infrastruktura taslamalaryny ösdürmegiň, hukuk binýadyny we maýa goýum gurşawyny kämilleşdirmegiň, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlary tarapyndan maýa goýumlaryny çekmegiň umumy strategiýasy barada ylalaşmagyň möhümdigini belledi.
ORIENT news
Surat Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan berildi








