"Taliban" Moskwada diplomatik wekilliginiň çäklerini giňeltmek isleýär


Owganystanyň wagtlaýyn hökümetiniň Daşary işler ministri Amir Han Mutaki Kabulda Russiýanyň prezidentiniň Owganystan boýunça ýörite wekili Zamir Kabulow bilen duşuşygynda Russiýadaky diplomatik wekilligiň çäklerini giňeltmek niýeti barada aýtdy. Bu barada Owganystanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.
Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň başlygy Kabulow bilen bolan duşuşygynda "Talibanyň" Moskwadaky diplomatik barlygyny artdyrmak we onuň derejesini ýokarlandyrmak isleýändigini aýtdy.
Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň beýanynda: "Mutaki Owganystanyň Moskwadaky ilçihanasy üçin ähli şertleri üpjün edendigi üçin Russiýa minnetdarlyk bildirdi" – diýlip, Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň habarynda beýan edilýär.
ORIENT news








