

Türkmen ýüzüjileri Tailandda Aziýanyň açyk çempionatynda 19 medal gazandylar
Türkmen ýüzüjileri Bankokda (Tailandda) tamamlanan Aziýanyň açyk çempionatynda sportuň suw görnüşleri boýunça dürli gymmatlykdaky 19 medaly gazandylar.


Türkmen ýüzüjileri Bankokda (Tailandda) tamamlanan Aziýanyň açyk çempionatynda sportuň suw görnüşleri boýunça dürli gymmatlykdaky 19 medaly gazandylar.


By ýyl «Ýüpek ýoly» ralli-reýdi bütin dünýäniň çapyjylary üçin açyk bolar. Gurnaýjylar ýüz tutmalary ýygnap başladylar we gatnaşyjylar bilen gepleşikleri geçirýärler – diýip, «Ýüpek ýoly» rallisiniň ýolbaşçysy Wladimir Çagin TASS agentligine habar berdi.


Daşkentde «Zenanlar ŞOS-yň giňişliginde: özara bähbitli hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi – diýip, ŞOS-yň Özbegistandaky Halk diplomatiýasy merkezine salgylanyp, Sinhua agentligi habar berýär.


Eýranyň Ýol we şäher ösüşi ministri Mehrdada Bazrpaş Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada bu saparyň öňüsyrasynda ministrlikleriň we ykdysady guramalaryň gatnaşmagynda Tähranda bolup geçen türkmen-eýran bilelikdäki ykdysady komissiýasynyň 17-nji utgaşdyryjy mejlisi barada Eýranyň Mehr agentliginiň habarynda aýdylýar.


Dmitriý Žirnow «Izwestiýa» gazetine beren interwýusynda Russiýanyň turba öndürijileriniň Türkmenistandan Pakistana we Hindistana çekilýän gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna goşulmaga taýýardygyny belledi – diýip, TASS habar berýär.


Nowruz baýramyna bagyşlanan Daşkendiň V Halkara marafony 5500 gatnaşyjyny kabul eder – diýip, ýangi Uzbekiston habar berýär. Marafon 12-nji martda geçiriler.


Ýurtlar 10 ýyllyk gepleşiklerden soň dünýä ummanyny goramak boýunça taryhy ylalaşygy gazandylar. Açyk deňiz şertnamasy, deňizleriň ýaşaýşyny goramak we tebigatyny dikeltmek üçin 2030-njy ýyla çenli olaryň 30 göteriminiň goralýan ýerlere öwrülmegini maksat edinýär.


Russiýa, Azerbaýjan, Eýran we geljekde Türkmenistan Türkiýäniň merkezi arkaly gaz üpjünçisi, şeýle hem Alžir, Katar, ABŞ we beýleki ýurtlar ýaly suwuklandyrylan gaz eksport edijileri bolup biler – diýip, «Wygon Konsalting»-iň analitigi Ýegeniýa Popowa RIA habarlaryna teswirinde aýtdy.


Türkmenistanyň “Galkynysh Esports” и “LJT Team” kibersport toparlary 5-nji martda başlaýan “Big Bang Asia Open” çempionatyna gatnaşarlar. Bu barada ORIENT-e Milli elektron sport federasiýasy habar berdi.


Şu gün Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň Sport-ulag merkezine täze gelip gowşan sport ulagyny synagdan geçirdi.


Türkmen türgeni Nazar Gurbanow 2-9-njy mart aralygynda Daşkentde (Özbegistan) geçirilýän ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda gylyçlaşma boýunça Aziýa çempionatynda çykyş eder. Bu barada ORIENT-e ýurduň gylyçlaşma boýunça federasiýasynda habar berdiler.


Alty sany, ýagny dört altyn, bir kümüş we bir bürünç medallary Bangkokda (Taýland) geçirilen Aziýanyň suwda ýüzmek boýunça açyk çempionatynda ýaryşyň ikinji gününde türkmen türgenleri ýeňiji boldy.


«Meniň dostlarym – meniň baýlygym» - şenbe güni 4-nji martda Gazagystanyň Karaganda şäherinde geçirilen aýdym-saz festiwaly şeýle çyn ýürekden we manyly ady gazandy.


Italiýanyň dizaýn güni indiki hepde, penşenbe güni 9-njy martda Aşgabatda we dünýäniň 100-den gowrak ýurdunda geçiriler. Gysgaça aýdylanda, ilkinji gezek 2017-nji ýylda dizaýn pudagynda öňdebaryjy atlaryň gatnaşmagynda italýan taslamalaryny we daşary ýurt dizaýnlaryny tanatmak üçin gurnalan bu çäre Italiýanyň diplomatik we konsullyk guramalarynyň bar ýerinde geçiriler.


Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi we Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýeti (TGÝMJ) Aşgabatdaky Türkiýäniň ilçihanasy bilen hyzmatdaşlykda Türkiýedäki ýer titremesinde ejir çekenlere takmynan, 11 tonna ynsanperwer kömegini ugratdy. Bu barada şenbe güni Anadolu agentligi habar berdi.