Aziýanyň açyk çempionatynyň ikinji gününde türkmen ýüzüjileri alty medal gazandy


Alty sany, ýagny dört altyn, bir kümüş we bir bürünç medallary Bangkokda (Taýland) geçirilen Aziýanyň suwda ýüzmek boýunça açyk çempionatynda ýaryşyň ikinji gününde türkmen türgenleri ýeňiji boldy.
Türkmenistanyň Sportyň suw görnüşleri boýunça federasiýasynda ORIENT-e habar berişlerine görä, 50 metr aralykda (27.58 sekunt) ýüzmekde altyn medaly halkara derejesindäki sport ussady Merdan Ataýew gazandy. Bu ýüzüşde bürünç medaly alan Musa Jalaýew aralygy 28.48 sekuntda geçdi.
Anastasiýa Morgenştern 200 metr aralyga erkin usulda (2 minut 28 sekunt) ýüzmekde abraýyň iň ýokary derejesine ýetdi. Türkmen milli ýygyndysy üçin ýene bir altyn medal Aýnur Primowa 50 metr aralyga ýüzmekde (32 sekunt) getirdi.

Iki sany, ýagny altyn we kümüş medaly Dawid Akopýan gazandy. Ol 4x50 metr aralyga (5 minut 3 sekunt) toplumlaýyn ýüzmekde altyn we 50 metr aralyga bras usulda ýüzmekde kümüş (1 minut 10 sekunt) medallary aldy.
Şeýlelik bilen, iki gün dowam eden ýaryşdan soň türkmen ýüzüjileri 13 medal gazandy. Olaryň ýedisi altyn, bäşisi kümüş we biri bürünç.
Aziýanyň sportuň suw görnüşleri boýunça açyk çempionaty 12 ýurdyň iň oňat ýüzüjilerini bir ýere jemledi. Esasy derslerden başga-da, Bangkokda geçiriljek ýaryşyň bäsdeşlik maksatnamasy suwa bökmek we suw polasyny öz içine aldy.
ORIENT news








