HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

2023-nji ýyldaky «Ýüpek ýoly» ralli-reýdi ähli ýurtlardaky çapyjylar üçin açykdyr — Çagin

Mart 06, 2023 | 15:37 |14274
By ýyl «Ýüpek ýoly» ralli-reýdi bütin dünýäniň çapyjylary üçin açyk bolar. Gurnaýjylar ýüz tutmalary ýygnap başladylar we gatnaşyjylar bilen gepleşikleri geçirýärler – diýip, «Ýüpek ýoly» rallisiniň ýolbaşçysy Wladimir Çagin TASS agentligine habar berdi.By ýyl «Ýüpek ýoly» ralli-reýdi bütin dünýäniň çapyjylary üçin açyk bolar. Gurnaýjylar ýüz tutmalary ýygnap başladylar we gatnaşyjylar bilen gepleşikleri geçirýärler – diýip, «Ýüpek ýoly» rallisiniň ýolbaşçysy Wladimir Çagin TASS agentligine habar berdi.
Çeşme: silkwayrally.com

By ýyl «Ýüpek ýoly» ralli-reýdi bütin dünýäniň çapyjylary üçin açyk bolar. Gurnaýjylar ýüz tutmalary ýygnap başladylar we gatnaşyjylar bilen gepleşikleri geçirýärler – diýip, «Ýüpek ýoly» rallisiniň ýolbaşçysy Wladimir Çagin TASS agentligine habar berdi.

«Biz ähli ýurtlardan çapyjylara garaşýarys, gatnaşyň, biz örän şat bolarys we myhmansöýerlik bilen garşy alarys. Biz eýýäm ýüz tutmalary alyp başladyk, gatnaşyjylar bilen gepleşikler geçirilýär, hemmelere garaşýarys», - diýip, Çagin aýtdy.

Ýaryşlar 2023-nji ýylyň 6-njy iýulyndan 15-nji iýulyna çenli geçiriler, onuň ugry Russiýa Federasiýasynyň 13 subýektiniň üstünden geçer.

«Ilkinji gezek ýaryşyň geçiriljek ugruna biziň owadan Ural daglarymyzda ýerleşýän sebitler, Orenburg oblasty, Çelýabinks girizildi. Biz gatnaşyjylara - hem russiýalylara, hem daşary ýurtlylara – biziň ýurdumyzyň täze, iň owadan çäklerini görkezeris, bu biziň taslamamyzyň esasy wezipeleriniň biridir» - diýip, Çagin belledi.

«Ýüpek ýoly» rallisi – ýokary çylşyrymlylyk derejesindäki awtoulag ýaryşydyr, ol 2009-njy ýyldan bäri geçirilýär. Ralli-reýdiň ugry Russiýanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Mongoliýanyň, Türkmenistanyň çäklerinden geçipdi.

Jemi çapyşygyň dowamlylygy bu ýyl on gün bolar, şol wagtyň içinde gatnaşyjylar 5230 kilometri geçmeli bolarlar. Olardan 2350 ýokary tizlikli geçilýän ýol uçastoklarydyr, olaryň köpüsi garyşyk örtgüde geçer. «Assistans» ugrunyň uzynlygy 3800 kilometre deň bolar.

2023-nji ýylyň ralli Maksatnamasy:

15-nji fewral - gatnaşmak barada ýüz tutmalaryň kabul edilip başlanmagy

01 iýun - Ýüz tutmalaryň kabul edilişiniň tamamlanmagy

5-6 iýul - Administratiw we tehniki barlaglar, (Kazan ş., Tatarystan, RF)

6 iýul - Kazanda dabaraly start berilmegi

6-15 iýul – Russiýanyň çäginden dokuz tapgyr

15-iýul – Moskwada dabaraly finiş

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026