HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Bilermen haýsy ýurtlaryň türk merkeziniň üsti bilen gaz üpjün edip biljekdigini aýtdy

Mart 05, 2023 | 22:58 |7638
Russiýa, Azerbaýjan, Eýran we geljekde Türkmenistan Türkiýäniň merkezi arkaly gaz üpjünçisi, şeýle hem Alžir, Katar, ABŞ we beýleki ýurtlar ýaly suwuklandyrylan gaz eksport edijileri bolup biler – diýip, «Wygon Konsalting»-iň analitigi Ýegeniýa Popowa RIA habarlaryna teswirinde aýtdy.Russiýa, Azerbaýjan, Eýran we geljekde Türkmenistan Türkiýäniň merkezi arkaly gaz üpjünçisi, şeýle hem Alžir, Katar, ABŞ we beýleki ýurtlar ýaly suwuklandyrylan gaz eksport edijileri bolup biler – diýip, «Wygon Konsalting»-iň analitigi Ýegeniýa Popowa RIA habarlaryna teswirinde aýtdy.
Çeşme: ria.ru

Russiýa, Azerbaýjan, Eýran we geljekde Türkmenistan Türkiýäniň merkezi arkaly gaz üpjünçisi, şeýle hem Alžir, Katar, ABŞ we beýleki ýurtlar ýaly suwuklandyrylan gaz eksport edijileri bolup biler – diýip, «Wygon Konsalting»-iň analitigi Ýegeniýa Popowa RIA habarlaryna teswirinde aýtdy.

Ilkinji gezek türk gaz merkezi barada geçen ýylyň oktýabr aýynda gürrüň edildi. Şonda, Baltika deňziniň düýbündäki «Demirgazyk akymy» we «Demirgazyk akymy 2» gaz geçirijisindäki partlamalardan iki hepde soň, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin rus gaz üstaşyrynyň ýitirilen mukdarynyň Gara deňiz sebitine geçirilip bilinjekdigini habar berdi. Ol Türkiýede beýleki ýurtlara, ilkinji nobatda Ýewropa iberilýän, şeýle hem 2021-nji ýyldan bäri birnäçe esse ýokarlanan gazyň bahasyny kesgitlemek üçin platforma bolup biljek Türkiýede gaz merkezini döretmek mümkinçiligini belläp geçdi.

Türkiýe, gaz merkezini döretmek teklibine oňyn kabul etdi we iki ýurduň ýolbaşçylary ýörite edaralaryň degişli işe başlamagyny tabşyrdy. Emma, Ýewropa bu teklibi höwes bilen garşylamady. Günbataryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, has köp rus gazyny import etmek üçin infrastrukturanyň döredilmeginiň «manysynyň ýokdugyny» aýdypdy we Ýewropa Topary EB-niň Russiýanyň gazya baglylygyny çalt azaltmak isleýändigini ýatlatdy.

Agentligiň söhbetdeşiniň çaklamasyna görä, türk gaz merkezi, esasan, günorta we günorta-gündogar Ýewropanyň ýurtlaryna turba geçiriji üpjünçiligi üçin «özboluşly gaz paýlaýyş merkezine» öwrüler. Şeýle hem ol elektron söwda platformasyny döretmek üçin «täze nokat» we täze baha görkezijisi bolsa, sebitleýin görkeziji bolup biler – diýip, analitik nygtady.

Şeýle-de bolsa, Russiýadan Türkiýä täze deňiz infrastrukturasynyň gurulmagy bilen, Trans-Balkan gaz geçirijisini (Türkiýäniň, Bolgariýanyň, Rumyniýanyň, Moldawiýanyň, Ukrainanyň çäklerinden geçýär) giňeltmezden we Ýewropanyň arasynda özara baglanyşyk gurmazdan, rus üpjünçiliginiň ep-esli artmagy ähtibärsyzrak - diýip, agentligiň söhbetdeşi belleýär.

Maksat bazary Günorta we Günorta-Gündogar Ýewropanyň ýurtlary bolup durýar. Emma gysga möhletde olaryň üpjünçiligi gaty artdyrma ähtimallygy ýok – siýip, analitik nygtady.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

Türkmen milli dünýä dilleri institutynda aýdym-sazly dabara geçirildi

16:05 Oktýabr 17, 2026
Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

Pakistanda mekdebiň üçeginiň çökmegi azyndan 35 adamyň ölümine sebäp boldy

13:00 Oktýabr 17, 2026
Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

Hytaýyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Bakuda hyzmatdaşlyk we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

19:00 Oktýabr 16, 2026