Türkmen işewürleri «IF Wedding Fashion 2026» sergisine gatnaşmaga çagyrylýarlar
2026-njy ýylyň 20 — 22-nji ýanwary aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde toý we dabara lybaslaryna ýöriteleşen «IF Wedding Fashion 2026» sergisi geçiriler. Hasap boýunça 19-njy gezek geçiriljek bu iri gözden geçirilişde gelinliklere, öýlenýän ýigitlere niýetlenilen, şeýle-de beýleki dabaralada geçmek üçin lybaslar babatda iň soňky tendensiýalary, täze dizaýnlary hem-de öňdebaryjy brendleri birleşdirmegi maksat edinýär.