Aşgabatda maý aýy adatça ýylyň iň «sazly» aýy diýilýän ady eýelemek ugrunda bäsleşýär. Konsert möwsümi iň gyzgalaňly nokadyna ýetýär: teatrlaryň her biri täze sahna eserleri bilen begendirýär, ýerine ýetiriji sazandalar bolsa žanrlar bilen tejribe geçirip, konsert meýdançalaryny özboluşly ses barlaghanalaryna öwürýärler. Emma, 17-nji maýda «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde aýdym-saz muşdaklaryna aýratyn täsir galdyrjak waka — «Latino-konsert» garaşýar. Diňe bir adynyň özi gyzgyn agşamy wada berýär, ýöne bu gyzykly sözbaşynyň aňrysynda aslynda näme bar?
Latyn Amerikasynyň sazy, megerem, geçen asyryň dünýä medeniýeti üçin iň güýçli we ruhuňy göterýän açyşy boldy. Sambanyň tupan ýaly öwrümleri, rumbanyň joşguny, tangonyň duýgurlygy we salsanyň güýçli energiýasy diňe bir tans meýdançalaryny eýelemek bilen çäklenmedi. Latyn Amerikasynyň ritmleri, şeýle-de üflemeli we urulýan sazlaryň özboluşly topary simfoniki orkestrleriň partituralaryny hemişelik üýtgetdi we bütin dünýädäki häzirki zaman awtorlarynyň kompozitorlyk pikirlenmesiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
Bu saz — üç yklymyň genetiki kodlarynyň birleşmeginden dörän özboluşly taryhy sinteziň miwesidir. Onuň astekleriň, inkleriň we maýýalaryň beýik siwilizasiýalaryna çenli baryp ýetýän gadymy, Kolumbdan öňki gatlagy özi bilen üflemeli we sesli gurallaryň arhaiki ýaňyny getirdi. Afrika däp-dessury bolsa oňa ajaýyp köpöwüşginliligi ritmi, depgini we improwizasiýa ruhuny goşdy. Ispaniýanyň we Portugaliýanyň göni mirasdüşeri bolan ýewropa kreol medeniýeti bolsa, mysal üçin, argentin tangosynyň kemala gelen melodiki nepisligini we sazlaşygy peşgeş berdi.
Bu «ereýän gazanda» täsirli sintez ýüze çykdy,onda afrika başlangyjynyň esasy ritmi urgy bolup hyzmat edýär. Habanera, bolero, guaraça — bu žanrlar köçe karnawaly bilen akademiki zallaryň arasyndaky araçägi aýyryp, bütin dünýäni eýeledi. Latyn Amerikasynyň sazy özüniň üýtgeşikligi bilen tapawutlanýar: ol Rionyň köçelerinde-de, konserwatoriýanyň diwarlarynyň arasynda-da birmeňzeş tebigy ýaňlanýar.
Türkmen artistleri üçin «Latino-konsert» taslamasy diňe bir nobatdaky çykyş däl-de, eýsem, batyrgaý döredijilikli çagyryşdyr. Bu — sahnada her bir taktyň yzynyň jogaba garaşýan, sahna bilen zalyň arasyndaky araçägiň bolsa ýeke-täk energiýa akymynda ýitip gitmeli janly we joşgunly taryhyny döretmek synanyşygydyr.
«Biz bu agşamyň her bir tomaşaçy üçin ylham çeşmesine we düýbünden täze bir zadyň açylmagyna öwrülmegini isleýäris. Biz Latyn Amerikasynyň karnawallaryna mahsus bolan optimizm we şatlyk energiýasyny geçirmäge çalyşýarys» — diýip, taslamany guramaçylar belleýärler.
Joşgunly ritmleriň dünýäsine esasy ýol görkezijiler hökmünde meşhur ýerine ýetirijiler Döwran Şammyýew we Maýsa Nyýazowa çykyş ederler. Olar her bir belgisi söýgi, ehtiras we durmuş şatlygy baradaky kämil bir nowella bolan baý mazmunly maksatnamany taýýarladylar.
Emma agşamyň esasy garaşylmadyk sowgady — sungatlaryň utgaşmasydyr. «Latino-konsert» diňe bir aýdym-saz bilen çäklenmez. Hakyky baýramçylyk gurşawyny depginli we wizual taýdan kämil tans belgileri döreder. Professional tansçylaryň ýerine ýetirmegindäki rumba, salsa we elbetde, tango bu agşamy bedeniň plastikasynyň saz jümleleriniň dowamyna öwrüljek doly derejeli çeperçilik dabarasyna öwürer.
Wagty: 17-nji maý
Ýeri: «Türkmenistan» kinokonsert merkezi
Ýerleriň sany çäklidir, biletler bolsa eýýäm öňünden sargyt edilýär. Bu sazly baýramçylygyň bir bölegi bolmaga ýetişiň!
Habarlaşmak we bron etmek üçin telefonlar:
+993 71 53 15 85
+993 65 03 53 20
+993 71 67 97 11

