9-njy maýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynda Ýeňiş gününe bagyşlanan sazly agşam geçirildi. Bu agşam wagtyň özüni-de ejiz goýýan, ýürekleri lerzana getirýän çuňňur hormat-sarpa öwrüldi. Halkara bäsleşikleriniň diplomanty Stella Faramazowa tarapyndan taýýarlanan konsert hasratdan, mähirden we baky Hatyradan örüldi. Şol agşam ýaňlanan her bir aýdym we saz eseri çuňňur dymyşlykda ýakylan ýatlama şemi ýaly lowurdady, her bir notada bolsa 1945-nji ýylyň ýazynda baky galanlaryň ädimleri eşidildi.
Şol agşam Stella Faramazowa we Enejan Nuryýewa fortepianoda saz çaldylar. Maksatnama kompozitor Aýna Şirowanyň “Meniň güneşli Watanym” atly aýdymy bilen açyldy. Ony Aýjeren Abdullaýewa ýerine ýetirdi. Aýdymçynyň sesinde ene topraga bolan söýgi we onuň ugrunda janlaryny pida eden gerçek ogullara bolan hormat duýulýardy.
Soňra Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýna Seýitgulyýewa we “Altyn asyr” baýragynyň eýesi Begenç Moşiýew Ýewgeniý Ptiçkiniň meşhur “Söýginiň ýaňy” aýdymyny ýerine ýetirdiler. Bu ýürek urşuny bes eden mahaly hem ýaşamagyny dowam etdirýän, diriler bilen dünýäden ötenleri görünmeýän sapak arkaly birleşdirýän söýginiň gimni boldy.
Begenç Gaýypowyň ýerine ýetirmeginde Ýan Frenkeliň “Durnalar” aýdymy ýaňlananda, zaldaky howa edil doňup galan ýalydy. Görünmeýän ganatlaryň her kakyşynda tomaşaçylar bakylyga giden ýakynlarynyň ýüzlerini görýän ýaly boldular. Mihail Nožkiniň “Soňky söweş” aýdymynda Begenjiň sesi uruşdan surnugan, öýüne baryp ýetmek üçin iň soňky, iň agyr ädimi ätmeli esgeriň dogasy ýaly ýaňlandy.

Bahar Durdyýewa Konstantin Listowyň “Ýerzeminde” aýdymy bilen adam ruhunyň iň näzik setirlerine degdi, her bir diňleýjä okoplaryň sowuk dymyşlygyny duýdurdy. Şeýle-de ol kompozitor Aýna Şirowanyň Hemra Şirowyň sözlerine döreden “Ölmez-ýitmez polkuň gahrymanlary” atly eserini ýerine ýetirdi. Bu aýdymy Türkmenistanda ilkinji bolup ýerine ýetiren Bahar onuň çuňňur manysyny diňleýjilere ýetirmegi başardy. Hut şol eser üçin onuň awtorlary Dawid Kriwiskiniň adyndaky halkara bäsleşiginde Baş baýragyna mynasyp bolupdylar.
Begenç Moşiýew Aman Agajykowyň “Mirasdarlary” we Nikita Bogoslowskiniň “Garaňky gije” aýdymlary bilen zaly frontdaky gysga dynç alyş pursatlaryna dolap getirdi. Jemal Tahyrowanyň ýerine ýetiren skripka solosy — kompozitor Jon Uilýamsyň “Şindleriň sanawy” atly Oskar baýrakly filminden “Perişdäniň hüwdüsi” — eseri ahyra çenli aýdylman galan çagalaryň sessiz agysyny ýatladýardy.
Skripka dymanda, zalda şeýle bir agyr we mukaddes dymyşlyk höküm sürdi, ol islendik agydan-da güýçli eşidildi. Şol pursatda her kim öz ýitgisi bilen ýeke galdy. Diňleýjileriň gözündäki ýaş bolsa bu agyrynyň hemmeler üçin umumydygyny we onuň hiç wagt ýitmejekdigini görkezýän iň hakyky duýgy boldy.
Soňra alyp baryjy iň agyr uruş ýyllarynda-da adamlaryň nusgawy sazdan ruhy halas tapandygyny ýatlatdy. Leýli Salyhowa skripkada Çaýkowskiniň operasyndan “Lenskiniň ariýasyny” ýerine ýetirdi. Pianinoçy Aýnur Otuzowanyň ýerine ýetiren Skrýabiniň etýudyndaky joşgunly owazlar ýaşaýyş ugrunda göreşi, Seýran Atanyýazowyň Aýna Şirowanyň “Söýgi” atly eseri bolsa unudylmadan we külden güýçli bolan mähri beýan etdi.

Konserti Begenç Moşiýew “Smuglýanka” aýdymynyň şadyýan owazlary bilen dowam etdirdi. Türkmenistanyň at gazanan artisti Leýli Ökdirowa “Şäher bagynda saz çalynýar” aýdymy bilen diňleýjileri uruşdan öňki näzik we gül ysly dünýä dolap äkitdi. Nury Halmämedowyň “Durnalar” aýdymynda bolsa Leýliniň dury sopranosynda türkmen topragynyň öz perzentlerine bolan baky gam-gussasy eşidilýärdi.
Türkmenistanyň halk artisti Gülnar Nuryýewa konserwatoriýanyň giň zallaryny “Katýuşa” aýdymynyň joşguny bilen doldurdy. Soňra ol “Front ýakasyndaky tokaýda” we “Gök ýaglyk” aýdymlaryny ýerine ýetirdi. Bu aýdymlar çygly okoplarda esgerleri aman saklan wepalylygyň inçe sapagyny ýatlatdy. Zenan ykbalynyň temasyny Aýna Seýitgulyýewa Durdy Nuryýewiň “Seňa garaşýaryn” aýdymy we Aman Agajykowyň “Howply gije” operasyndaky Aknabadyň täsirli ariozo bilen dowam etdirdi. Artistiň sesi eneleriň, aýallaryň, uýalaryň we gelinleriň ýyllarboýy ýüreklerinde ýaşadan garaşma duýgusyny beýan etdi.
Konsertiň jemleýji ylhamy Begenç Gaýypowyň ýerine ýetiren Nury Halmämedowyň “Esgeriň ýatlamalary” boldy. Bu dowzahdan geçip, emma kalbyndaky ýagtylygy saklap galan adamyň beýik we ajy oýlanmasydy.

Hasratdan we mähirden örülen bu konsert ähli gatnaşyjylara bir hakykady ýatlatdy: biz ýaşap bilmän gidenleriň, söýüp ýetişmedikleriň, aýdymyny soňlap bilmedikleriň dowamydyrys. Şol agşam geçmiş bilen şu günüň arasyndaky serhetler ýitdi we bu konsertde ýatlanýan gahrymanlar görünmezden biziň bilen bir hatarda duran ýalydy.
Adamlar zaldan başgaça çykdylar — ýürekleri biraz agralyp, emma ruhlary ýagtylan ýagdaýda. Olar özleri bilen indi başgalara geçirmek borjy bolan şol kiçijik şemiň alawyny alyp gitdiler. Sebäbi biz bu aýdymlary diňläp gözýaş dökýänçäk, olaryň gahrymançylygy baky ýaşar.

Aýna Ýolbarsowa
