Gadymy Hywa — binagärlik keşbi özi hem ebedileşdirilen saz ýaly täsir galdyrýan şäher — ýene-de dünýä horeografiýa sungatynyň merkezine öwrüldi. 25–30-njy aprel aralygynda bu ýerde ÝUNESKO-nyň howandarlygynda hem-de TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlykda geçirilen III Halkara «Lazgi» tans festiwaly 30 ýurtdan 300-den gowrak sungat işgärlerini we alymlary bir ýere jemledi.
Türkmenistan üçin bu festiwal döredijilik üstünlikleriniň ajaýyp meýdançasyna öwrüldi. «Dessan» türkmen tans topary iň abraýly baýraklaryň biri — «Tomaşaçylaryň söýgüsi» baýragyna mynasyp boldy.

Içan-Kala gadymy galasynyň diwarlarynyň ýanynda ýygnanan tomaşaçylar türkmen halk tanslarynyň özboluşly popurri çykyşyndan uly täsir aldylar. «Dessan» toparynyň çykyşy etnomedeni forumyň çäklerinde hödürlenip, milli sazlaryň owazy, halk gurallarynyň sazlaşygy we sahnada ýokary derejede taýýarlanan ýerine ýetiriş arkaly medeniýetara dialogyň pikirlerini aýdyň beýan etdi.

«Lazgi-2026» festiwaly baýramçylyk ruhuny ylmy mazmun bilen utgaşdyrdy. Şol günlerde Hywa giň gerimli bilermenler gepleşiginiň merkezine öwrüldi: III Halkara ylmy-amaly maslahatda tans sungatynyň dünýä medeniýetindäki orny, onuň umumadamzat gymmatlyklary bilen baglanyşygy ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmen hünärmenleri TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna hem gatnaşyp, onda «Türki dünýäsiniň däp bolan halk tanslarynyň antologiýasyny» taýýarlamak esasy tema boldy.

Duşuşygyň netijesinde ähli türki döwletleriniň milli tans mirasyny goramak we wagyz etmek üçin binýat döredýän resminama kabul edildi.

29-njy aprelde bellenilýän Halkara tans güni bilen gabat gelen ýapylyş dabarasy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen horezm «lazgi» tansynyň özboluşlylygyny aýratyn nygtady. Şeýle-de festiwalyň bäsleşik maksatnamasynda dürli ugurlar boýunça ýeňijilere baýraklar gowşuryldy.

Çärä oflaýn görnüşde Beýik Britaniýadan, Fransiýadan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Gazagystandan, Belarusdan, Russiýadan, Türkiýeden, Gyrgyzystandan, Serbiýadan, Braziliýadan, Ýaponiýadan, Ispaniýadan, Müsürden, Gruziýadan, Hindistandan, Ukrainadan, Bolgariýadan, Katardan, Azerbaýjandan we Özbegistandan toparlar hem-de hünärmenler gatnaşdy. Şeýle hem onlaýn görnüşde ABŞ-dan, Awstriýadan, Iordaniýadan, Meksikadan, Ganadan, Russiýadan, Demirgazyk Makedoniýadan, Eýrandan, Hytaýdan, Pakistandan we Italiýadan wekiller gatnaşdylar.

