Aýna Şirowanyň awtorlyk agşamy köpden bäri garaşylýan wakalaryň biri boldy — kompozitor bu pursada ýetmek üçin birnäçe ýyllap zähmet çekdi. Bu konsert onuň döredijilik gözlegleriniň netijelerini bir bitewi saz eserine birleşdirip, diňleýjilere awtoryň saz filosofiyasynyň kämilleşen beýanyny hödürledi.
Aýna Şirowa hünärmenler arasynda döredijilik erkinliginiň seýrek duş gelýän ukybyna eýe bolan kompozitor hökmünde tanalýar. Onuň häzirki zaman sungatyndaky ýoly diňe bir estetiki gözleg däl, eýsem özboluşly saz diliniň yzygiderli ösüşidir. Bu dil adaty akademiki çäkleri giňeldýär. Onuň döredijiliginiň güýji çuňňur içerki garaşsyzlykda jemlenýär: üýtgäp durýan tendensiýalaryň arasynda ol öz sungat garaýşyna wepaly bolmagy saýlaýar. Şol dogruçyllyk onuň sazynyň çuň, täsirli, käte üýtgeşik, emma iň esasysy — ýürekden çykýan bolmagyna mümkinçilik berýär. Her bir eser täze görnüşleri öwrenmek bolup, hakyky sungatyň diňe awtoryň içki duýgusy we hakykaty bilen ýol görkezilende döreýändigini subut edýär.
Zal doludy: howada uly premýeralaryň öňüsyrasynda duýulýan aýratyn garaşma duýgusy höküm sürýärdi. Myhmanlar geljek çykyşdan bir pursady hem sypdyrmazlyk üçin iň gowy orunlary eýelemäge howlugýardylar. Agşamky maksatnama diňe bir konsert bolman, eýsem diňleýjiden açyklyk we gatnaşmagy talap edýän döredijilik synagyna çakylyk hökmünde çykyş edýärdi.
Agşam halkara bäsleşikleriň ýeňijisi Annaoraz Döwletowyň ýolbaşçylygyndaky «Melodiýa» orkestriniň çykyşy bilen açyldy. Topar dürli stil çözgütlerinde eserleri ýerine ýetirdi — berk akademiki nusgawy sazdan başlap, ýeňil estrada-jaz äheňlerine çenli. Žanrlaryň utgaşmasy agşama aýratyn dinamika we täzelik berdi. Orkestriň ýerine ýetirmeginde dramatizme baý «Ölmez-ýitmez polk» walsy, şeýle hem ýagty we liriki «Ýagyş astynda gezelenç» hem-de «Tüýdük» kompozisiýalary ýaňlandy.

«Ölmez-ýitmez polk» walsy çuň manyly we dabaraly eser bolup, agşamyň ýokary emosional derejesini kesgitledi. Saz ägirt uly täsir bilen ýaňlandy, emma artykmaç dabarasyz boldy. Kompozitor sesleriň üsti bilen döwrüň arabaglanyşygyny duýgurlyk bilen ýetirip, eseri mukaddes ýatlama we nesilleriň dowamlylygyna bagyşlanan täsirli sowgat derejesine çykardy.
Muňa garşylyk hökmünde «Ýagyş astynda gezelenç» ýaňlanyp, agşama aýratyn öwüşgin çaýdy. Onuň ýagty, dury fakturasy we hereketli ritmi zaly akwarel etýudynyň atmosferasyna büredi: saz bahar ýagşynyň tämizligi we ýaşaýşyň ýeňil dem alşy bilen doldurylan şekilini döredýän ýalydy. Maksatnamanyň ýatda galyjy wakalarynyň biri hem solist Bahar Durdyýewanyň ýerine ýetirmeginde «Tüýdük» aýdymynyň premýerasy boldy.
Aýna Şirowanyň teklip eden «kompozitor oýny» bolsa adaty formatdan çykyp, zaly döredijiligiň işjeň gatnaşyjysyna öwürdi. Diňleýjilere partituralaryň çylşyrymly gurluşynda inçe ses alluziýalaryny — eho täsirini, guş sesleriniň imitasýasyny ýa-da duýdansyz jaz improwizasiýalaryny tanamak teklip edildi. Iň gyzykly intellektual wezipe bolsa iki dürli ruhy we keýpli eserleriň içinde gizlenen şol bir saz temasyny tapmak boldy.
Şeýle kompozitorlyk interaktiwi üçin iň çylşyrymly däl wezipeler saýlanyp alyndy, sebäbi şeýle aň-bilim görnüşine adam kem-kemden öwrenişmeli — edil çylşyrymly tagama öwrenişişi ýaly.
Konsert «Deňiz eskizleri» atly tapgyrdan üflenýän saz gurallary üçin ýazylan pýesalar bilen dowam etdi. Şirhan Batyrow «Duzly damjalar» eserini saksofonda, «Gumdaky yzlar» eserini bolsa klarnetde ussatlyk bilen ýerine ýetirip, diňleýjileriň hyýalyny doly herekete getirdi.
Tehniki çylşyrymlylygy halaýanlar üçin Begenç Mürzäýew «Gadymy Nusaý» tapgyryny hödürledi. Bu eser «tersine» ýaňlanýan mistiki arpeggiolar we temp bilen dinamika kontrastlary bilen tapawutlandy.
Diňleýjileriň aýratyn gyzyklanmasyny Şirhan Batyrowyň çeper ýolbaşçylygyndaky üflenýän gurallar kwintetiniň çykyşy döretdi. Sazandalar — Ogulaý Pirjanowa, Mukam Babaýewa, Goşly Danaýew, Akmyrat Kadyrow we Şahzod Hojaýew — «Bir wagtlar» atly pýesany ýerine ýetirdiler. Bu eser diňleýjileriň köp sanly haýyşlary boýunça maksatnama girizilip, kompozitoryň döredijiligine ýokary baha berýänler üçin hakyky sowgat boldy. Pýesanyň meşhurlygy onuň dürli saz toparlary üçin döredilen köp sanly aranžirowkalarynyň bolmagy bilen hem subut edilýär.

Agşama ýaş sazandalaryň çykyşlary aýratyn öwüşgin berdi. Sahna Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçylary çykdy. Kerim Jumakuliýewiň ýolbaşçylygynda taýýarlanan «Biz — çagalar» atly wokal çykyşy baýramçylyk lybasly kwartetiň ýerine ýetirmeginde zalyň mähirli ýylgyryşlaryna we alkyşlaryna sebäp boldy.
Döredijilik estafetany mekdebiň beýleki okuwçylary (mugallym Begenç Mürzäýewiň synpy) dowam etdirdi. Olar Aýna Şirowanyň «Çagalyk albomy» eserinden bölekleri ýerine ýetirip, fortepiano çykyşyny pantomima elementleri bilen baýlaşdyrylan täsirli sahna öwürdiler. Saz bilen hereketiň utgaşmagy kompozitoryň çagalar üçin ýazylan eserleriniň keşpler dünýäsini täzeçe açmaga mümkinçilik berdi.
Wokalist Aýjeren Abdullaýewa Hemra Şirowyň goşgusyna ýazylan «Guşly hiňňildik» we «Güneşli Watanym» aýdymlary bilen çykyş etdi. Şeýle hem bu konsertde «Daň aýdymy» atly täze eseriň premýerasy bolup, ony Bahar Durdyýewa we skripkaçy Leýli Salyhowa ýerine ýetirdiler. Agşamyň ýokary derejeli professional derejesini we emosional sazlaşygyny halkara bäsleşikleriň diplomanty Stella Faramazowanyň fortepianoda ýerine ýetiren kämil akkompanimenti üpjün etdi — ol maksatnamanyň ähli çykyşlaryny bitewi sungat eserine birleşdirdi.
Ýatdan çykmajak solo çykyşlaryň biri ýaş pianinoçy Jeýran Ismailowanyň çykyşy boldy. Ol «Wariasiýalar» we «Fortepiano üçin pýesa» eserlerine özboluşly düşündiriş berdi. Onuň ussatlygy we inçe intuisiýa derejedäki duýgurlygy Aýna Şirowanyň gündogar öwüşginli keşpleriniň atmosferasyny ussatlyk bilen ýetirmäge mümkinçilik berdi.
Myhmanlar üçin hakyky garaşylmadyk sowgat instrumental teatr žanryndaky çykyşlar boldy. Bu ýerde saz diňe bir klawiatura bilen çäklenmän, notalaryň çäginden çykdy. Miniatýuralaryň birinde Tylla Şirowa görünmeýän guşlary şeýle ynandyryjy «iýmitlendirdi», hatda dekorasiýanyň ýoklugy onuň ussatlarça ýerine ýetirişiniň güýjüni has-da güýçlendirdi. «Uzak ýyldyzyň şöhlesi» atly pýesada bolsa adaty mobil telefonynyň çyrajygynyň ulanylmagy sanly döwür bilen konserwatoriýanyň berk diwarlarynyň arasynda sazlaşygy gazandy.

Agşamyň iň täsirli pursatlarynyň biri «Ýüregedüşgüç siňek» atly pýesa boldy. Tylla Şirowanyň wirtuoz oýny sazy janly hekaýa öwürdi, zal bolsa dem alman diýen ýaly ony synlady. Finalda pianinoçy birdenkä el çarpmasy bilen «bimaza gahrymanyň» başdan geçirmelerine täsirli nokat goýanda, zal hem dessine jogap berdi: gülkiniň tolkunyndan soň hatarlaryň arasynda şol bir görnüşdäki el çarpmalar ýaňlandy. Şeýlelikde, diňleýjiler bir pursat «siňek awçylaryna» öwrülip, eseriň özüne goşulan tebigy bölege öwrüldiler we sahna bilen zalyň arasyndaky araçäk ýitdi.
Interaktiwiň dowamynda tomaşaçylar bilelikde awtorlyga çagyryldy. Aýna Şirowa entek tamamlanmadyk täze eseriniň başlangyç bölegini hödürläp, onuň geljekki ykbalyny diňleýjiler bilen bilelikde kesgitlemegi teklip etdi. Myhmanlar sazynyň häsiýetini, äheňini we geljekki gurallaryň düzümüni özleri saýladylar. Indi bolsa kompozitor bu köpçülikleýin döredijilik joşgunyny bitewi görnüşe getirmeli. Geljekki konsertleriň birinde biz taýýar netijäni eşideris we bu «halk döredijilik» saýlawynyň awtory haýsy ugra alyp gidendigini bileris.
Agşamyň ajaýyp jemlemesi hökmünde Türkmenistanyn halk artisti Garold Neýmarkyň ýolbaşçylygyndaky meşhur «Mukam» skripkaçylar topary çykyş etdi. Olar ilkinji gezek sahnada «Eje walsy» atly eseri ýerine ýetirdiler. Şeýle hem tomaşaçylar üçin nepis «süýjülik» hökmünde bir wagtlar TÜRKSOÝ festiwalynda topara uly üstünlik getiren «Nowruz şöhlesi» pýesasy hödürlendi.

Konsert tamamlandy, we oňa gatnaşanlaryň hemmesi — guramaçylar, sazandalar — ahyrsoňy birneme dynç alyp bildiler. Bu mümkinçilik çäginden daşary ýerine ýetirilen, öz işine çuň ynamy talap eden ýol boldy. Emma iň möhüm netije şeýle: Aýna Şirowanyň stereotiplere bagly bolmadyk sazy doly özbaşdakdyr. Däpler bilen batyrgaý täzelikleriň arasyndaky göreşde soňky hasap jedelsiz boldy: 1:0 kompozitoryň peýdasyna.
Wiktoriýa Baýlyýewa
