
Aýdym-saz dünýäsinde nesilleriň dowamlylygy hemişe möhüm orun tutýar, emma hut ýaş hünärmenler okuw otaglaryna we sahna nusgawy eserleriň häzirki döwre laýyk ýaňlanmagyna mümkinçilik berýän aýratyn energiýany getirýärler. Şirhan Batyrow — Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň üflenýän saz gurallary kafedrasynyň täze nesil mugallymlarynyň görnükli wekilleriniň biridir.
Onuň hünär ýoly çalt ösýär: ol diňe bir klarnet we saksofon boýunça solo ýerine ýetirijilik ussatlygyny kämilleşdirmek bilen çäklenmän, talyp orkestrine ýolbaşçylyk edýär, şeýle-de kwartetlerden başlap kwintetlere çenli birnäçe kamera taslamalaryna gözegçilik edýär.
Şeýle köpugurly iş diňe zehini däl, eýsem hünäre döwrebap garaýyşy hem talap edýär. Ýaş mugallym hökmünde Şyrhan talyplar bilen aýratyn usulda işleşýär — olar bilen bir dilde gürleşýär we şol bir wagtyň özünde ýokary saz biliminiň däplerine wepaly galýar. Biz onuň bilen bolan söhbetdeşligimizde geljekki orkestr sazandalary bilen işiň häzirki gurluşy, kiçi toparlary dolandyrmagyň aýratynlyklary we häzirki zaman sazandasy üçin köpugurly bolmagyň ähmiýeti barada gürrüň etdik.
— Şirhan Akmyradowiç, siziň okatmak usulyňyz siziň öz öwrenen usullaryňyzdan nä derejede tapawutlanýar?
— Men halypalarymyň goýup giden esaslaryny saklamaga çalyşýaryn, ýöne okuwa has köp janly dialog goşýaryn. Häzirki zaman talyby edýän işiniň maksadyna düşünmeli. Men olaryň diňe berk synag alyjysy däl-de, her gün sahna çykýan we şol bir hünär kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz bolýan uly kärdeşi bolmaga synanyşýaryn.
— Siz hem uly orkestre, hem-de kwintet ýaly kiçi toparlara ýolbaşçylyk edýärsiňiz. Haýsy ýerde döredijilik erkinligini has köp duýýarsyňyz?
— Bu düýbünden dürli tejribe. Orkestrde men umumy şekili döredýärin, ol ýerde men — sesiň binagäri. Kwintetde ýa-da kwartetde bolsa, ýolbaşçy bolsam-da, prosesiň gatnaşyjysy hökmünde çykyş edýärin. Kiçi topar — bu inçe psihologiýa, bu ýerde her saz guraly aýratyn eşidilýär. Ýaş sazanda üçin şeýle düzümde işlemek hyzmatdaşyny diňlemegi öwrenmegiň iň gowy ýoludyr.

— Saksofon bilen klarnet köplenç dürli dünýäleriň saz gurallary hökmünde kabul edilýär: biri jaz we estrada, beýlekisi bolsa berk nusgawy saz bilen baglanyşdyrylýar. Siz olary nähili utgaşdyrýarsyňyz?
— Men olary utgaşdyrmak gerek diýip hasaplamaýaryn, olar biri-biriniň üstüni dolýarlar, üstesine-de bu iki gural garyndaş hasaplanýar. Klarnet maňa tehniki tertip-düzgüni we nusgawy forma düşünmäge ýardam berýär, saksofon bolsa improwizasiýa arkaly açylmaga mümkinçilik berýär. Talyplaryma-da diňe bir žanr bilen çäklenmezligi maslahat berýärin. Sazandanyň dünýägaraýşy näçe giň bolsa, ol şonça-da häzirki döwürde talap edilýär.
— Taslamalara ýolbaşçylyk etmek bilen birlikde her gün saz guralynda türgenleşmek kyn dälmi?
— Bu tertip meselesi. Mugallym öz talyplaryndan pes eşidilmäge hakly däldir, şonuň üçin saz guraly elmydama ileri tutulýar. Taslamalara ýolbaşçylyk etmek bolsa ýekelikde amala aşyryp bolmaýan pikirleri durmuşa geçirmek üçin mümkinçilik berýär. Talyplarymyň orkestrde ýa-da kwartetde meniň ýaly saz duýgusyny duýup başlaýandygyny görenimde, bu maňa öňe gitmek üçin uly höwes berýär.
— Ýakyn wagtda 9-njy Maý ýetip gelýär. Elbetde, orkestriňiz bu mukaddes sene üçin aýratyn maksatnama taýýarlaýar?
— Elbetde. Biz baýramçylyk konsertini taýýarlaýarys, onuň düzümine uruş ýyllaryna bagyşlanan türkmen nusgawy sazynyň hakyky ajaýyp eserleri girizildi. Tomaşaçylar Aman Agajykowyň «Mirasdar» atly eserini, Nury Halmämedowyň «Esger ýüregi» we «Maňa seniň gözleriňden gitme ýok» eserlerini, şeýle hem Aýna Şirowanyň «Baky diri esgerler» atly häzirki zaman eserini diňläp bilerler. Bu eser ýörite biziň orkestrimize niýetlenip orkestrleşdirildi. 9-njy Maýa bagyşlanan konsertimizde «Baky diri esgerler» walsynyň üflenýän saz gurallary orkestriniň ilkinji ýerine ýetirilişi bolar. Elbetde, baýramçylyk konsertini ýeňşiň baky nyşanlary bolmazdan göz öňüne getirmek mümkin däl: Matweý Blanteriň «Katýuşa», Mark Fradkiniň «Tötänleýin wals» we Dawid Tuhmanowyň meşhur «Ýeňiş güni» eserleri.
— Birnäçe ýyldan soň mugallym hökmünde işiňiziň iň gowy netijesini nähili göz öňüne getirýärsiňiz?
— Maksadym — uçurymlarymyzyň islendik hünär toparynda, döwlet simfoniki orkestrinden başlap jaz bendine çenli, işläp biljek derejede taýýarlanmagy. Men olaryň konserwatoriýadan diňe ýerine ýetiriji däl-de, pikirlenýän sazanda bolup çykmagyny isleýärin.
Aýna Ýolbarsowa