Le.Travel syýahatçylyk agentligi tarapyndan güneşli Nýaçanga guralýan toparlaýyn syýahata ýazylyş dowam edýär. Bu gyş möwsümini ýyly deňiz we ýatdan çykmajak täsirler bilen çalyşmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.
Syýahat bir hepdelik dynç alyş üçin niýetlenendir (28-nji ýanwar – 3-nji mart) we doly guramaçylykly hyzmatlar bukjasyny öz içine alýar. Bahasynyň içine myhmanhanada ýerleşmek, amatly transfer, wiza resmileşdirilmegi, şeýle hem hünärmen ýolbelediň ýolbaşçylygyndaky gezelenç girýär.
Nýaçangda dynç alyş kenarýaka rahatlygy bilen baý täsirleriň sazlaşygyny hödürleýär. Maksatnamada gadymy çam Po Nagar diňlerine baryp görmek, Long Şon pagodasyndan şäheriň panoramaly görnüşi, şypaly palçyk çeşmelerinde dynç almak hem-de Günorta Hytaý deňziniň kenary boýunça ada gezelençleri göz öňünde tutulýar.
Agentligiň Aşgabatdaky ofisleriniň salgylary:
• «Ak Altyn» işewürlik merkezi, 2-nji gat;
• «Berkarar» söwda merkezi, 1-nji gat;
• «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezi.
Lebap welaýatynda:
• Türkmenabat ş., «Lebap söwda merkezi».
Telefon belgisi: (+99363) 17-55-57
TikTok: @le._travel.tm
Instagram: @le.travel.tm
ORIENT
