Orient maglumat-habar saýty okyjylaryň ulanyş amatlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen mobil goşundysynyň täzelenen görnüşini çykardy.
Täze görnüşde interfeýs kämilleşdirildi, nawigasiýa gowulaşdyryldy hem-de habar bermegiň gurluşy optimizirlenildi. Bu bolsa ulanyjylara gyzyklandyrýan maglumatlaryny has tiz tapmaga we mazmuny amatly görnüşde okap tanyşmaga mümkinçilik berýär. Goşundy maglumatlary tiz we amatly almak isleýän ulanyjylaryň talaplaryna has laýyk görnüşe getirildi.
Täzelenen mobil goşundy durnukly işleýişi, habarlaryň wizual taýdan has gowy görkezilmegini hem-de smartfonlarda we planşetlerde okamak üçin has amatly formaty üpjün edýär.
Orient mobil goşundysy iOS we Android platformalarynda ýükläp almak üçin elýeterlidir, bu bolsa ulanyjylara islendik wagtda we islendik ýerde möhüm wakalardan habarly bolmaga mümkinçilik berýär.
ORIENT
