2026-njy ýylyň mart aýyndan başlap, S7 Airlines awiakompaniýasy Nowosibirsk — Aşgabat — Nowosibirsk ugry boýunça täze göni howa gatnawyny işe girizer. Uçuşlar hepdede bir gezek, sişenbe günleri amala aşyrylar. Bu barada awiakompaniýanyň resmi internet sahypasynda habar berilýär.
Nowosibirsk şäherindäki Tolmaçýowo howa menzilinden gatnaw sagat 00:55-de uçar we ýerli wagt boýunça sagat 03:00-da Aşgabat şäherine geler. Uçuşyň dowamlylygy 4 sagat 5 minut bolar. Bu ugurda Airbus A320 görnüşli howa gämileri ulanylar.
Aşgabatdan Nowosibirsk şäherine gaýdyp gelýän reýs hem sişenbe günlerine meýilleşdirildi. Aşgabatdan uçuş sagat 04:30-da amala aşyrylar, Nowosibirsk şäherine gonuş bolsa sagat 10:15-de bolar. Uçuşyň dowamlylygy 3 sagat 45 minutdyr.
Ýolagçylar üçin ýük daşaýyş düzgünleri, şeýle hem biletleri çalyşmak we yzyna gaýtarmak şertleri boýunça tapawutlanýan «Standart» we «Plýus» tarifleri elýeterli bolar. Mundan başga-da, uçarda orun saýlamak, goşmaça ýük we hyzmat derejesini ýokarlandyrmak ýaly birnäçe goşmaça hyzmatlar hödürlenýär.
S7 Airlines awiakompaniýasy 2008-nji ýyldan bäri Moskwa — Aşgabat ugry boýunça gatnawlary ýerine ýetirýär, häzirki wagtda bu uçuşlar her gün amala aşyrylýar. Nowosibirsk şäheri awiakompaniýanyň iň iri geçiş merkezleriniň biriniň ýerleşmegi sebäpli täze niýetlenen nokat hökmünde saýlanyp alyndy.
ORIENT
