Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Türkmenistanyň raýatlary üçin wiza ýygymlarynyň wagtlaýyn peseldilmegi baradaky syýasatyň uzaldylandygyny habar berdi. Ýeňillikli şertler 2026-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli hereket eder.
Çap edilen maglumata görä, wiza ýygymlarynyň aşakdaky möçberleri bellenildi:
bir gezeklik wiza — 41 ABŞ dollary,
iki gezeklik wiza — 56 ABŞ dollary,
alty aý möhletli köp gezeklik wiza — 206 ABŞ dollary,
bir ýyl möhletli köp gezeklik wiza — 386 ABŞ dollary.
Hytaý Halk Respublikasynyň Ilçihanasynda bellenilmegine görä, bu çäre wiza amallaryny ýeňilleşdirmäge, şeýle hem iki ýurduň arasynda ynsanperwer we işewür gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.
Goşmaça maglumatlary we maslahatlary +993 (12) 48 81 05 telefon belgisi arkaly, şeýle hem ashgabat@csm.mfa.gov.cn elektron poçta salgysy boýunça alyp bolýar.
