Mukamlar köşgünde Täze ýyl baýramy mynasybetli dabaraly şou-konsert geçirildi

Aşgabat şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän Mukamlar köşgünde Täze ýyl baýramy mynasybetli guralan dabaraly şou-konsert halkymyzyň kalbynda ýatdan çykmajak pursatlary galdyrdy. Köşgüň içi baýramçylyk äheňinde bezelip, täze ýylyň özboluşly jadyly täsiri her bir gatnaşyjynyň ruhuny göterdi.
Dabara Aýaz babadyr, Garpamyk, ýurdumyzyň iň tanymal sungat ussatlary, bagşylary Hajy Ýazmämmedowyň, Sahydursun Garajaýewanyň, Zyleýha Kakaýewanyň, Parahat Pürjäýewiň, Mansur Şaripowyň, Döwran Şammyýewiň we Kerim Jumagulyýewiň ýolbaşçylyk etmegindäki “Joşgun” çagalar a’kapella hor toparynyň, şeýle-de sirk artistleriniň çykyşlary we başga-da döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda has-da şowhunly boldy. Konsertiň dowamynda sahna oýunlary, döredijilik bäsleşikleri we dürli dillerde aýdymdyr sazlar ýaňlandy.

Konsert Kerim Jumagulyýewiň ýolbaşçylyk etmegindäki Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň “Joşgun” a’kapella hor toparynyň dürli dillerde taýýarlan aýdymly kompozisiýasy bilen başlandy. Konsertiň dowamynda ajaýyp owazly aýdymçylarymyz tarapyndan belentden-belent ýaňlanan joşgunly aýdymlary, eziz Watanymyzy, täze gelen ýylyň dowamly ösüşlerini we bagtyýar durmuşymyzy waspy diňleýjileriň göwnüni galkyndyrdy.

Tans toparlarynyň ýerine ýetiren milli we häzirki zaman tanslary sahna bezeglerine aýratyn görk goşup, tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Sazandalaryň ussatlyk bilen çalýan sazlary bolsa göýä Täze ýylyň ak gary ýaly tämiz we ýakymly bolup, Mukamlar köşgüniň akustikasynyň ajaýyplygy bilen birleşip, täsin bir saz dünýäsini emele getirdi. Şeýle hem baýramçylyk maksatnamasynda dürli sahna oýunlary we şorta sözli çykyşlar hem ýer alyp, olar dabara gatnaşýanlara şat-gülki we şadyýanlyk paýlady.
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplarynyň taýýarlamagynda, dürli haýwanjyklaryň üýtgeşik sirk oýunlary, dürli reňkli çykyşlary we gyzykly bäsleşikleri bilen tapawutlanyp, köşgüň içini şadyýan gülküler hem-de joşgunly el çarpyşmalar bilen doldurdy. Sahna çykan ezber sirk ussatlary özleriniň çalasyn hereketleri, akrobatik tilsimleri we täsin görkezişleri bilen tomaşaçylary haýrana goýmagy başardylar.
Konsertiň dowamynda guralan dürli bäsleşikler we şadyýan bäsleşikler bolsa dabara gatnaşýan çagalaryň hem-de ulularyň işjeňligini has-da artdyryp, baýramçylyk ruhuny belende göterdi. Konserte gelen diňleýjiler, hasda kiçijek körpeler bäsleşiklere işjeň gatnaşyp ýurdumuzyň tanymal aýdymçylary bilen sahnada bilelikde aýdym aýdyp, tans edip göwünleri şat boldy.

Aýratyn-da, ýaş zehinleriň we çagalaryň taýýarlan gyzykly çykyşlary, Täze ýyl arçasynyň daşyndaky şowhunlar dabara gatnaşan her bir ynsanyň ýüreginde geljege bolan uly ynamy we şatlygy oýardy. Bu günki geçirilen şou-konserti her bir diňleýjini ertekiler, arzuwlar, jady dünýäsine alyp gitdi. Konsertiň iň ýatda galyjy pursatlarynyň biri hem ähli aýdymçylaryň bir agyzdan jemleýji aýdymy aýdyp, Täze ýylyň rysgal-bereketli, parahat we bagtly bolmagyny arzuw etmekleri boldy.
Mukamlar köşgünde guralan bu ajaýyp baýramçylyk konsertinden hiç kimiň gaýdasy gelmän dowamly el çarpmalar boldy. Bu diňe bir sungat dabarasy bolman, eýsem halkymyzyň agzybirliginiň, milli medeniýetimize bolan sarpasynyň we Täze ýyla bolan uly umytlarynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Halkyň göwnüni galkyndyryp, kalplarda öçmejek täsirleri galdyrdy. Sahnada ýaňlanan ýakymly owazlar we döwrebap mukamlar sirk oýunlary bilen utgaşyp, ajaýyp bir sungat eserine öwrüldi.
Her bir çykyşda, her bir oýunda uly şatlyk we bagtyýarlyk duýulýardy, bu bolsa Täze ýylyň gelmegini sabyrsyzlyk bilen garaşýan adamlara hakyky sowgat boldy. Dabara gatnaşyjylaryň ýüzündäki ýylgyryşlar we gözlerindäki uçgunlar bu konsertiň diňe bir şüweleň däl, eýsem, dostlukly gatnaşyklaryň hem-de bagtyýar pursatlaryň dabaralanmasydygyny subut etdi. Mukamlar köşgüniň şanly sahnasynda gurnalan bu ajaýyp agşam köp wagtlap ýatda galýan örän täsirli we unudylmajak pursatlara baý boldy.
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň "Medeni miras" fakultetiniň "Medeniýeti owreniş" hünäriniñ 1-nji ýyl talyby Jumagulyýewa Ogulsuraý